Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň II Klasterini taýýarlamak boýunça işlere başlanyldy

Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň II Klasterini taýýarlamak boýunça işlere başlanyldy

Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň II Klasterini taýýarlamak boýunça işlere başlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi mälim etdi.

Çeşmede bellenilişi ýaly, ýerli telekeçiler Ähtnamanyň II Klasterinde beýan edilmäge degişli, hususy kärhanalarda öndürilýän harytlar (işler, hyzmatlar) babatynda eksport çäklendirmeleri we beýleki düzgünler, kadalar babatynda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we içerki kadalaşdyryjy namalara esaslanyp, maglumatlary hem-de prezentasiýany taýýarlap, 2023-nji ýylyň 16-njy sentýabryna çenli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna ibermelidirler.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri utgaşdyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli dabara geçirildi
Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasy döredildi
Türkmenistanda “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy dörediler
11-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasy öz önümleri bilen Türkmenistanyň lukmançylyk edaralaryny üpjün edýär