Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary duşuşdy

2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabada gelen, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky işjeň we netijeli gatnaşyklary barada nygtap geçdiler.

Iň ýokary derejeli we ýokary derejeli aragatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde esasy görkezijisi bolup durýandygy bellenildi.Diplomatlar bilim, ylym, medeniýet we ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ugurlarynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler.

Gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň ABŞ-nyň 15-den gowrak bilim maksatnamalaryna gatnaşýandygy bellenildi.Iki ýurduň degişli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatynda bilelikdäki taslamalary guramak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Türkmenistanda 25 ýyl bäri amala aşyrylýan “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçiler gaznasy” Halkara maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hakynda nygtaldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar we köpçülikleýin diplomatiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şol sanda hünär gatnaşyklaryny ösdürmek, tejribe alyşmak hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn formatda hem-de “C5+1” formatynda mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Aşgabada sapar edýär
Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy
ABŞ resmisi Aşgabatda söz azatlygyny “ykdysady ösüşiň daýanjy” atlandyrdy
Hazarüsti gaz geçirijisi arzuwy täzeden janlanyp bilermi?
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasarynyň Türkmenistana sapary ahalteke bedewlerini synlamakdan başlandy
Türkmenistan bilen ABŞ bilim ulgamynda ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşdy