Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda russiýaly sirk artistleriniň gezelenç çykyşlary başlandy, Leýli Ökdirowa Astrahanda geçiriljek Hazar möwsümleri festiwalynda çykyş eder we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda russiýaly sirk artistleriniň gezelenç çykyşlary başlandy, Leýli Ökdirowa Astrahanda geçiriljek Hazar möwsümleri festiwalynda çykyş eder we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Wernadskiý şaýolundaky Uly Moskwa döwlet sirkiniň we Reňkli bulwardaky Nikulin adyndaky Moskwa sirkiniň artistleri Aşgabatdaky çykyşlaryny tamamladylar. 9-njy awgustda olaryň Daşoguz welaýatyndaky gezelenç çykyşlary başlanýar. Artistler öz çykyşlaryny konsertler we baýramçylyk çäreleri geçirmek üçin niýetlenen Türkmeniň Ak öýi binasynyň sahnasynda ýerine ýetirerler. Russiýaly artistleriň Daşoguzdaky gezelenç çykyşlary 18-nji awgusta çenli dowam eder.

2. Meşhur türkmen opera aýdymçysy Leýli Ökdirowa Hazar möwsümleri atly halkara nusgawy sungat festiwalynyň açylyş dabarasynda çykyş eder. Şeýle-de Astrahan şäherinde geçiriljek festiwalda Gazagystanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň hem-de Russiýanyň sazandalary we aýdymçylary çykyş ederler. Festiwalyň açylyş dabarasy 22-nji awgustda Astrahan Kremlindäki Sobor meýdançsynada geçiriler.

3. 11-nji awgustda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň binasynda Halkara Hazar deňziniň gününe bagyşlanan amaly-haşam sapagy geçiriler. Gatnaşyjylar garyşyk usulda: akril reňkler, tekstura pastasy we potal (boýamak üçin ulanylýan ýukajyk reňkli metallar) bezegi bilen Suwasty dünýäsiniň gözelligi mowzugyna degişli surat taýýarlamagyň usullaryny özleşdirerler.

4. Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde sentýabr aýynda ýapon we daşary ýurtly talyplar üçin türkmen dili sapaklary açylar. Ýapon uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar we uniwersitetiň ylmy işgäri Masahiro Oku türkmen dilin we edebiýaty boýunça sapak geçer hem-de ýurduň medeniýeti barada gürrüň berer. Munuň üçin ýörite ilkinji türkmen-ýapon sözlügi şu ýylyň iýul aýynda neşir edildi.

5. Türkmen atlary döwlet birleşigi dürli wezipeler boýunça işgärleriň işe kabul edilýändigini habar berdi. Birleşik maglumat tehnologiýalary, weterinariýa, bakteriologiýa, wirusologiýa, serologiýa, parazitologiýa, himiki-toksikologiýa we mikologiýa ugurlary boýunça ýokary hünär derejeli işgärleri gözleýär. Dalaşgärler bu ugurlarda degişli bilim we iş tejribesine eýe bolmalydyrlar.

Dünýäde

6.Loh-Ness merkeziniň we “Loch Ness Exploration” (LNE) guramasynyň bitarap gözlegçileri Lohness jandaryny tapmak üçin suwuň üsti böleginiň soňky 50 ýyldaky iň iri barlagyny geçirjekdiklerini yglan etdiler.

Gözleg şu aýyň ahyrynda 26-27-nji awgustda başlanar.Iň soňky gezek giň gerimli gözleg 1972-nji ýylda, Loh-Ness kölüniň Derňew býurosy tarapyndan mifiki jandaryň alamatlaryny ýüze çykarmak üçin suw howdanyny gözden geçirende bolupdy.

7. Amerikaly repçi Kardi Bi tarapyndan tomaşaçy zenana zyňylan mikrofon eBay elektron auksionyna çykaryldy. Kardi Bi özüne içgi sepen janköýerleriniň birine mikrofon zyňdy. Bu mikrofony The Wave ses kompaniýasynyň eýesi Skot Fişer eBay-da satmak kararyna geldi. Mikrofonyň 500 dollar diýlip kesgitlenen başlangyç bahasy örän çalt ýokarlandy we 100 müň dollara ýetdi.

Sport habarlary

8. Türkmenistanly Sangiza Bahtyýarowa GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen agyr atletikaçysy bu netijäni 87 kilogramdan agyr agram derejesinde gazandy. Bahtyýarowa iki görnüşiň jemi boýunça 196 kilogram netije görkezdi. Altyn medala dünýä çempionatlarynda iki gezek ýeňiji bolan özbegistanly Tursun Jabborowa, kümüş medala bolsa belarusly Margarita Leşenko mynasyp boldy.

9. Türkmenistanly Yhlas Narimanow küşt boýunça mekdepleriň arasyndaky toparlaýyn dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy. Türkmenabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy 87,5 % oýun derejesini görkezdi we ýekelikdäki hasap boýunça ýaryşy ikinji orunda tamamlady. Mekdepleriň arasyndaky toparlaýyn dünýä çempionaty Gazagystanda dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan 350 töweregi mekdep okuwçysynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

GDA ýurtlarynyň II oýunlary: Atajan Daýyýewden kümüş medal
Bagtyýar paromy Türkmenistandan Russiýa üsti ýükli awtoulaglary eltdi
2050-nji ýyla çenli Merkezi Aziýanyň ilaty 100 milliondan geçer
Türkmenistan sportuň we sagdynlygyň rowaçlanýan mekany
Sport - sagdyn ýaşaýyş, gözel durmuş
Saglyk başymyzyň täji