Türkmenistanyň Daýhanbank DTB Talyp karzy bank karzyny hödürleýär

Türkmenistanyň Daýhanbank DTB Talyp karzy bank karzyny hödürleýär

Ýaşlaryň bilim almaga höweslenmegini, olaryň hünärleriniň kämilleşmegini nazarda tutup, Türkmenistanyň Daýhanbank döwlet täjirçilik banky müşderilerine Talyp karzy atly bank karzyny hödürlenýändigini mälim edýär.

Talyp karzy ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe degişli okuwynyň tölegini tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär.Bu karzyň doly möçberi 42 000 manada çenli bolup, ol ýyllyk 5 göterim esasynda 3 ýyl möhlet bilen berilýär.

Karzyň üpjünçiligi hökmünde 10 000 manat möçberine çenli bir ýa-da birnäçe raýatyň zamunçylygy, 15 000 manat möçberine çenli almak üçin hem iki ýa-da ondan köp raýatyň zamunçylygy zerurdyr.

Karzy 15 000 manatdan 42 000 manat möçberine çenli almak üçin bolsa girew kabul edilýär.

Bank tarapyndan hödürlenilýän bu karz hyzmatyndan peýdalanmak üçin talyplar bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi saýty arkaly onlaýn görnüşde degişli ýüztutmalaryny we gerek bolan resminamalaryny iberip bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň banklary audit barlaglary boýunça halkara bäsleşik geçirer
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
2022-nji ýylda Türkmenistanyň banklary 38 milliard manatdan gowrak karz berdi
Aşgabatda 4000 orunlyk köpugurly medeni merkez gurlar, Türkmenistanly dalaşgärler giriş synaglaryna taýýarlanýarlar, Türkmenistan BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda möhüm başlangyçlary öňe sürer we beýleki habarlar
Bank hasaplarynyň baglanmagy, 'kölege karz bazary' raýatlary uly töwekgelçiliklere itekleýär