Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda Türkmeniň ak öýi binasy açyldy

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda Türkmeniň ak öýi binasy açyldy

Türkmen Lideri ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna iş saparynyň dowamynda iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenen “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

“Türkmeniň ak öýi” binasy 3 müň adama niýetlenen sadaka jaýyny, medeni-köpçülik çärelerini guramak üçin açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki toplumy we beýlekileri öz içine alýan tutuş toplumdan ybaratdyr.

Täsin desga şähergurluşyk sungatynyň häzirki talaplary we milli binagärligiň aýratynlyklary nazara alnyp, döwrebap gurluşyk serişdeleridir enjamlary ulanylyp guruldy.Ol ähli görkezijiler boýunça dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär.Umumy meýdany 21 müň inedördül metre golaý bolan Ak öýüň beýikligi 40, ini hem 80 metre ýetýär.

Ol 3000 orunlyk köpugurly zaldan ybaratdyr.Ak öýüň bezeginde türkmeniň ak öýlerine mahsus bolan şekillendiriş usullary, hususan-da, haly gölleridir tärimleriň şekilleri ulanyldy.Onuň girelgesi hem milli däplerimiz esasynda bezeldi. Äpet gapynyň ýokarsynda eňsi halynyň şekili ýerleşdirildi.

Ol mukaddes maşgala ojagynyň goragçysyny aňladýar.Bina ýanaşyk ýerler hem doly abadanlaşdyryldy.Onuň daş-töweregine köp sanly pürli hem-de bezeg agaçlary oturdyldy.Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, welaýat häkimliginiň buýurmagynda Röwşen hususy kärhanasy tarapyndan gurlan Türkmeniň ak öýi binasynda milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen täze gazanan üstünlikleri aýratyn sazlaşyk döredýär.

Güneşli ülkämiziň demirgazyk welaýatynyň merkeziniň barha gözelleşýän görküne görk goşjak bu bina döwletli maslahatlary we dürli halkara çäreleri geçirmäge niýetlenendir.Ak öýde şanly seneleri, baýramçylykdyr toý dabaralaryny, şowhunly aýdym-sazly çykyşlary, at üstündäki oýunlary guramak üçin hem ähli şertler döredildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze bina bilen tanyşlygyny tamamlap, şanly wakalar mynasybetli sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilýän ýerine bardy.Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp, döwlet Baştutany şol günki ajaýyp wakanyň şanyna Daşoguzda gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasyna täze awtobusy sowgat berdi.

Daşoguzda geçirilen açylyş dabaralary tamamlanandan soňra türkmen Lideri bu ýerde baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Hytaýyň Saz seýilgähinde 18 metrlik gar adamy ýasaldy
Dünýäniň iň uly buz bölegi hereket edip başlady
Äpet hem owadan jandar
Äpet pandalar ýitip gitmekden halas edildi
Dünýäniň iň uly astronomiýa muzeýi açylýar
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy