Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýük awtoulaglarynyň daşalmagyna ýeňillikli nyrhnamalary girizdi

Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýük awtoulaglarynyň daşalmagyna ýeňillikli nyrhnamalary girizdi

“Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) şu ýylyň 1-nji martyndan Türkmenbaşy-Baku (Alyat)-Türkmenbaşy ugry boýunça ýük awtoulaglarynyň daşalmagy üçin ýeňillikli nyrhnamalary girizdi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň resmi web sahypasynda çarşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gämi arkaly ýük daşamalary ulag pudagynyň we multimodal gatnawynyň esasy ugrunyň biri bolup, häzirki zaman halkara söwdasynda hem möhüm orny bardyr. Täze girizilen ýeňillikler söwda flotunyň müşderilerine ýük awtoulaglary daşamakda we daşalýan harytlaryň bahasyny arzanlatmak üçin amatly şertleri döreder.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň "Deňiz söwda floty" ÝGPJ-niň "Bagtyýar" we "Berkarar" atly "RO-PAX" görnüşli iki sany parom gämileri bardyr. Paromlaryň kuwwaty 200 sany ýolagçy we 54 sany ýük awtoulagy daşamaga niýetlenendir.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň dowamynda parom gämilerinde 22 müňe golaý awtoulaglar Türkmenbaşy-Baku (Alyat) -Türkmenbaşy ugry boýunça daşaldy.

Täze ýeňillikli nyrhnamalar esasynda gatnawyň bir tarap bahasy 1000 ABŞ dollaryna barabar bolup, eger gatnaw iki tarapa hem tölenilen halatynda onuň umumy bahasy 1 600 ABŞ dollaryna deň bolar.

“Deňiz söwda floty” ÝGPJ şu ýylyň ýanwar aýyndan başlap fider gatnawlaryny ösdürmek üçin Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça “Balkan” gämisiniň konteýner gatnawlaryny ýola goýdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmendemirýollary agentliginiň ýolbaşçysy azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy
Türkmenistan internetiň tizligini ýokarlandyrmagy we nyrhnamalaryň bahasyny arzanlatmagy meýilleşdirýär, Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýne geldi, Türkmenistan Uniwersitetiň üç missiýasy halkara derejesindäki diplomlary ykrar eder
AŞTU birnäçe ýokary tizlikli täze nyrhnamalary hödürleýär
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Bahreýne ugrar, Mişustin Türkmenistandaky mekdebe roýal sowgat etdi, Azerbaýjan Baku bilen Türkmenbaşynyň arasynda gatnaw nyrhlaryny arzanladar we beýleki habarlar
Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Hünärim bar hormatym bar atly bäsleşik geçirildi
Aragatnaşykçy ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer