Türkmenistanyň DIM-de Kipr Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Kipr Respublikasynyň Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Kipros Ýorgallis bilen duşuşygy geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem ösdürmek we berkitmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.Türkmen-kipr hyzmatdaşlygyna goşmaça itergi berýän pudagara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Halkara giňişliginde Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Kipr Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Demokratiýa we hukuk žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Hüjümçilerden köp gol geçiren derwezeçiler
Izabel perde salony: Biziň wezipämiz diňe bir öýde rahatlyk döretmeklik däl, eýsem biçüw talaplaryny kanagatlandyrmaklyk
Daşary ýurt metbugatyna syn
Öýlerimiz çagaly, ýorganlarymyz balaly bolsun
Türkiýe: türkmenistanly çopan başlygyny öldürmekde aýyplanýar