2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Won-Je bilen duşuşygy geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri, parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplaryň halkara başlangyçlaryny özara goldaýandyklary bellenildi.Taraplar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň hem-de aragatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” köptaraplaýyn formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigi bellenildi.Gazhimiýa pudagynda, ulag infrastrukturasynda hem-de gämi gurluşygynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine koreý kompaniýalarynyň goşýan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem bellediler.Bilim, ylym, sport ulgamlarynda we Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek babatda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi. Şeýle gatnaşyklaryň iki halkyň arasynda özara düşünişmegi we ýakynlaşmagy pugtalandyrýandygy nygtaldy.
