Şu gün, 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda “Ýerli derejedehemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkalydurmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG bilenbilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi.Türkmen tarapyndan resminama Daşary işler ministri RaşidMeredow gol çekdi.BMG tarapyndan agzalan resminama BMG-niň Türkmenistandakyhemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gol çekdi.Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we buugurda BMG-niň düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek boýunçaişleri alyp barmagy göz öňünde tutulýar.Taslama Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň milli derejedeDurnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilenbilelikdäki işleriniň çäklerinde amala aşyrylýar.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan global Durnukly ösüşmaksatlaryny hökümet derejesinde kabul eden ilkinji ýurtlaryň biridir.Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlary Türkmenistanyň milli syýasatyndadüýpli ornaşdyrylandyr we häzirki wagtda DÖM-nyň köp meseleleriýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli we pudaklaýyn maksatnamalardaöz beýanyny tapdy.Gol çekilen bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň döwletedaralary we jemgyýetçilik guramlary bilen BMG-niň degişliedaralarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyny berkitmekde we giňeltmekdehukuk esasyny döreder.
