Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen maslahat

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 24-nji awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň jemlerine bagyşlanyp, şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maslahat geçirildi. Duşuşyga daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, daşary ýurtlaryň we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçirilen we Türkmenistanyň AHHG-a başlyklyk edýän ýurt hökmünde gatnaşan bäştaraplaýyn duşuşygy sebitiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň her biriniň durmuşynda ähmiýetli waka öwrüldi.Mälim bolşy ýaly, soňky sammit 2009-njy ýylyň aprel aýynda Gazagystanda geçirilipdi. Şondan bäri geçen dokuz ýyldan gowrak döwrüň içinde Aral ýakasyndaky ýagdaý bilen baglanyşykly birnäçe meseleler emele gelip, şolar sebitiň çäginden çykypdy hem-de ýokary döwlet derejesinde ara alnyp maslahatlaşylmagyny talap edýärdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň sammite we ony geçirmäge ýokary guramaçylyk derejesinde çemeleşendigi bellenildi. 2016-njy ýylda Türkmenistana gaznanyň başlyklygyny geçirmek hakynda mesele gozgalanda, ýurdumyz Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetleri bilen özara gatnaşykda degişli meýilnamanyň taslamasyny taýýarlady. Şonuň tanyşdyryş çäresi şol ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirildi.

Türkmen tarapy bu wezipä girişmezden öňürti meýilnamany we beýleki degişli meseleleri amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Bütindünýä bankynyň, halkara hyzmatdaşlygy boýunça German jemgyýetiniň, Şweýsariýanyň ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň we beýleki düzümleriň gatnaşmagynda halkara maslahaty gurady.

2017-nji ýylda Aşgabatda AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti öz işine başlady. Onda Merkezi Aziýa döwletleriniň suw hojalygy we ekologiýa ulgamlary boýunça hünärmenler hemişelik esasda iş alyp barýarlar.

2017-nji we 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň AHHG-a başlyklyk etmeginiň döwründe gaznanyň Müdiriýetiniň, onuň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň we durnukly ösüş boýunça Döwletara toparynyň maslahatlary geçirildi. Ýeri gelende aýtsak, bu düzümleriň birnäçesi, hususan-da, AHHG-nyň Müdiriýeti 7-8 ýylyň dowamynda öz mejlislerini geçirmändi.

Mundan başga-da, 2017-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa halkara ekologiýa forumy guraldy.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerindäki çäreleriň işjeňleşdirilmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu guramanyň ornunyň pugtalandyrylmagyna berilýän ägirt uly üns kabul edilýän çözgütleriň netijeliliginiň ýokarlanmagyny şertlendirdi we Aral sammitine taýýarlyk görmekde, onuň gün tertibini hem-de jemleýji resminamasyny taýýarlamakda möhüm tapgyra öwrüldi. Şu maksat bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we AHHG-nyň wekilleriniň hem-de bilermenleriniň arasynda degişli duşuşyklar, geňeşmeler we gepleşikler geçirildi.

Şeýlelikde, 22-nji awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 74-nji mejlisi geçirildi. Şonda birnäçe ugurdaş meselelere garaldy hem-de “Aral deňzi sebitinde suw serişdeleriniň toplumlaýyn dolandyrylyşyny, peýdalanylyşyny we goralmagyny hem-de döwletara maglumat alşyny guramagy maglumat-hil bilen üpjün etmek hakynda” döwletara ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün durnukly ösüş boýunça Döwletara toparynyň iş maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maksatnamanyň işlenip taýýarlanylyşyna garadylar. 23-nji awgustda AHHG-nyň Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi.

Bu taýýarlyk çäreleri Aral deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejedäki düýpli we işjeň pikir alyşmalar üçin pugta binýady döretdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki sammitiň dowamynda howanyň üýtgemegi şertlerinde Aral deňziniň çäklerinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak, suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleri çözmek boýunça gatnaşyklary, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki hereketleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bäş ýurduň Liderleriniň hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ähli taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, Aralyň çäklerinde suw serişdelerini bilelikde we toplumlaýyn dolandyrmak hem-de netijeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak boýunça ozal kabul edilen çözgütlere bolan ygrarlylygynyň tassyklanylmagynyň ýokary derejede geçirilen duşuşygyň esasy netijeleriniň biri bolandygy, çuňňur taryhy kökleri, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň umumylygy bilen baglanyşýan halklaryň köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň ruhunda deňhukukly hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Şeýle çemeleşme Merkezi Aziýa döwletleriniň Aral meselesiniň kynçylygyny ýeňip geçmek boýunça tagallalary has-da utgaşdyrmaga bolan gyzyklanmalarynyň ýokary derejä eýedigini äşgär etdi.Hususan-da, sammitde Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlara kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasyny taýýarlamagyň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, sebitiň döwletleriniň Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak hakynda 2016-njy ýylyň 22-nji noýabrynda kabul edilen Çarçuwaly Konwensiýa goşulmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanlary döredilenine 25 ýyl bolan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň talap edilýändigi babatda bir pikire geldiler. Munuň özi Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän döwrüniň meýilnamasynda kesgitlenen möhüm wezipelere doly kybap gelýär.

Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Aral üçin Ýörite Maksatnamasy diýip atlandyryp, Birleşen Milletler Guramasynyň işine özbaşdak ugry goşmak barada öňe süren başlangyjyna aýratyn ähmiýet berildi.Milli Liderimiz 2012-nji ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Durnukly ösüş boýunça maslahatda (Rio+20) eden çykyşynda bu teklibi öňe sürüp, Aral deňzi meselesiniň häzirki döwürde sebitiň çäklerinden çykandygy we ählumumy häsiýete eýe bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna, onuň düzümlerine, ýöriteleşdirilen edaralaryna we agentliklerine bu başlangyjy goldandygy üçin minnetdarlyk bildirýär.

Türkmen tarapy Aral sammitine taýýarlygyň çäklerinde BMG-niň ýokarda agzalan Ýörite maksatnamasynyň meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlady we ony BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň garamagyna hödürledi hem-de bu resminamany Merkezi Aziýa döwletleriniň hemmesine ugratdy.

Häzirki döwürde bu Ýöriteleşdirilen maksatnamany taýýarlamaga gatnaşan taraplaryň başy başlanan işi dowam etmegiň zerurdygy hakynda umumy pikire gelendigini nygtamak gerek.

Bellenilişi ýaly, Aral sammitinde döwlet Baştutanlary AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetine sebitiň döwletleri, BMG-ä agza ýurtlar, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen degişli geňeşmeleri geçirmegi tabşyrdylar. Ýakyn wagtda bu tabşyryklar amala aşyrylyp başlanar. Ol, ilkinji nobatda, AHHG bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň pugta halkara-hukuk esasyny üpjün edýän resminamalara daýanmak arkaly ýerine ýetiriler.

Şolaryň hatarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Baş Assambleýada AHHG-a synçynyň derejesini bermek hakynda Kararnama, Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň arasynda özara gatnaşyk etmek hakynda 2010-njy ýylda Aşgabatda gol çekilen Ähtnama, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde kabul edilen hyzmatdaşlyk hakynda Kararnama bar.

Şunda türkmen tarapy Aral gurşawy üçin BMG-niň Ýöriteleşdirilen maksatnamasyna Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri hökmünde garaýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen forumda döwlet Baştutanlarynyň çykyşlarynda durnukly ösüş bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berlendigini bellemeli.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda ýurdumyzda durnukly ösüş babatda Aral meselesini çözmek boýunça amala aşyrylýan işleriň gerimini aýan edýän birnäçe mysallary getirdi.Munuň özi Garagumuň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen kölüni döretmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, arassa agyz suwuny öndürýän kärhanalary, deňiz suwuny süýjediji gurnamalary bina etmek we ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine, ilatyň saglygynyň goralmagyna, durmuş-ykdysady çözgütleriň we beýleki meseleleriň çözülmegine gönükdirilen anyk işlerdir.

AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýene bir wajyp başlangyjy barada aýtdy.Milli Liderimiz 2015-nji ýylyň aprel aýynda Koreýanyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda Türkmenistanyň suw meseleleri boýunça köptaraply diplomatik gatnaşyklaryň täze görnüşi boýunça “suw diplomatiýasyny” ulanmagy teklip etdi.

Häzirki döwürde bu teklip aýratyn ähmiýetli bolup durýar.Munuň özi ähli döwletleriň hem-de adamlaryň isleglerine we bähbitlerine esaslanýan halkara kadalarda anyk kesgitlenilmegini talap edýär.Bu bolsa umumy ykrar edilen halkara ýörelgelere kybap geler.

Onuň manysy suw tutuş adamzadyň, dünýäniň ähli halklarynyň umumy bähbidi diýen düşünjede jemlenýär.Suwa jogapkärli çemeleşmek adamlaryň baş hukugy bolup durýar.

Şu nukdaýnazardan türkmen tarapy yzygiderli esasda suw meselesi boýunça netijeli halkara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny öňe sürýär we ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bilelikdäki işine daýanýan hyzmatdaşlygyň anyk ugra eýerjekdigine ynam bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz köpýyllyk we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň, ÝHHG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň goldawyna bil baglaýar.

Duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiline, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa Germana söz berildi.Ol BMG-niň we Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň Aral meselesi boýunça döwletara hyzmatdaşlyk üçin binýat bolan AHHG-nyň möhüm ornuny kesgitlän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Awazada geçirilen sammitiniň netijelerini oňlaýandygyny we oňa ýokary baha berýändigini nygtady.

Gazna başlyklyk edýän türkmen tarapynyň tagallasy netijesinde sammit üstünlikli geçdi.Dürli guramalaryň hem-de düzümleriň, şol sanda BMG-niň çekilmegi bilen, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň gatnaşmagynda ähli derejede zerur taýýarlyk işleri we degişli çäreler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hanym N.German ýokary derejede geçirilen bäştaraplaýyn duşuşygyň taryhy ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy tagallasy netijesinde duşuşyk ýokary derejede boldy.AHHG-nyň esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Bilelikdäki beýannamasynyň kabul edilmegi taraplaryň umumy syýasy erkini hem-de işjeň gatnaşyklary dowam etmäge bolan taýýarlygyny we hyzmatdaşlygyň täze derejä çykýandygyny äşgär etdi.

Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň suw-ekologiýa meseleleri babatda AHHG-nyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşydygy bellenildi.Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi türkmen tarapynyň suw serişdelerini utgaşykly dolandyrmak meselesinde sebitiň ýurtlarynyň bähbitlerini nazarda tutýan hukuk guralynyň esasynda sebitleýin gatnaşyklara ulgamlaýyn çemeleşmeler hakyndaky anyk tekliplerini goldaýar we “suw diplomatiýasy” başlangyjyny ilerletmäge işjeň goşulmaga taýýardygyny mälim edýär.

Şeýle hem türkmen Lideriniň Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň özbaşdak ugry hökmünde kesgitlemek hakyndaky başlangyjynyň wajypdygy nygtaldy. Munuň özi gaznany esaslandyryjy döwletler bilen BMG-niň arasyndaky uzak möhletleýin gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirer.

Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Sebit merkeziniň AHHG bilen yzygiderli gatnaşyklary dowam etmäge we hyzmatdaşlygyň bar bolan ugurlarynyň çäklerinde oňa mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny tassyklap, sammitiň netijeleriniň we olary durmuşa geçirmek boýunça utgaşykly işiň umumy bähbit üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde ägirt uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Hemişelik wekili hanym Ý.Panowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň Hökümetini AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem ol bu duşuşygyň türkmen tarapynyň gazna başlyklyk etmeginiň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmäge yzygiderli tagalla edýändiginiň subutnamasyna öwrülendigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýokary derejede we dostluk, ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda möhüm ylalaşyklary gazanmagyň kepili bolup hyzmat etdi. Munuň özi Bilelikdäki beýannamada öz beýanyny tapdy.

Hanym Ý.Panowa sammitiň öz wagtynda geçirilendigini belläp, Türkmenistanyň Aral deňziniň gurşawy üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky başlangyjynyň wajypdygyny we onuň ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda Aral meselesini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmeleri üpjün etmäge gönükdirilendigini hem-de bu ugurda netijeli gatnaşyklar üçin köpugurly binýat bolup hyzmat etjekdigini nygtady.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Hemişelik wekili sammitiň Aral deňziniň çägindäki ýurtlara kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasyny kabul etmegi hakyndaky çözgüdini oňlady. Munuň özi sebitiň döwletleriniň we halkara bileleşiginiň tagallalaryny we mümkinçiliklerini Aralyň gurşawynda suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady ugurlar boýunça möhüm meseleleri çözmäge gönükdirmekde ähmiýetlidir.

Ýelena Panowa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammitde eden çykyşynda Aral meselesiniň çäklerinde hem-de umuman, Merkezi Aziýa sebitinde ählumumy Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň wajypdygy barada aýdan sözleriniň ähmiýetini belläp, BMG-niň agentlikleriniň, has takygy, BMGÖM-niň AHHG, sebitiň döwletleri, halkara guramalar we ählumumy ösüş maksatlaryna ýetmek meseleleri hem-de Aral meselelerini çözmek boýunça ähli gyzyklanma bildirýän düzümler bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany hanym N.Drozd, öz gezeginde, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen duşuşykda çykyş etmek mümkinçiliginiň döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň AHHG-nyň başlyklygyna saýlanmagynyň ýurduň sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alyp barýan işine ýokary baha berilýändiginiň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, Merkezi Aziýada suw serişdelerini netijeli peýdalanmak barada sebitleýin hyzmatdaşlyk üçin wajyp binýady döretmäge gönükdirilen ýadawsyz tagalla edýändigini bellenildi.

Natalýa Drozdyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyz sebitiň ýurtlarynyň bu ulgamdaky milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşmeleriniň zerurdygyna möhüm üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda öňdebaryjy tejribelere, suw tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryň we degişli maksatnamalara esaslanýan iri suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýdyldy.

Türkmenistanyň AHHG-a başlyklyk etmeginiň çäklerinde gaznanyň işiniň giňeldilmegine uly goşant goşýandygy we Aral deňziniň meseleleriniň çözgüdine ulgamlaýyn çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Geçen hepdede geçirilen AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti bu ugurdaky sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädime öwrüldi.

Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, abraýly halkara guramalary, şol sanda ÝHHG bilen sebitleýin çäklerden çykan Aral meselesini üstünlikli ýeňip geçmegiň möhüm şerti bolan gatnaşyklary ösdürmek wajypdyr we zerurdyr.

Hanym N.Drozdyň belleýşi ýaly, AHHG-nyň işiniň utgaşykly we strategik ähmiýetiniň wajypdygy bellenilmelidir. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Aral deňziniň gurşawyndaky ýurtlara kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň çäklerindäki çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamaga we ony durmuşa geçirmäge goldaw bermäge, hem-de Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine Aral meselesiniň çözgüdi boýunça hemmetaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyr.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň 24-nji awgustda geçirilen sammiti hem-de onuň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannamanyň kabul edilmeginiň taraplaryň Aral meselesini çözmekde deňhukukly we birek-birege hormat goýmak esasyndaky hyzmatdaşlyga gyzyklanmalaryny hem-de öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde maksatlaryň we bähbitleriň umumylygyna bolan ýokary jogapkärçiligi äşgär edendigini belledi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçen sammit Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan we anyk netijeleri ugur edinýän gatnaşyklary işjeňleşdirmekde taryhy ähmiýeti bolan waka öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

27.08.2018 | Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen maslahat
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyna gatnaşdy
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm resminamalary kabul etmegi mynasybetli brifing
17.09.2019 | BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm resminamalary kabul etmegi mynasybetli brifing