2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rana Abu Hijlehiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistanyň Palestina Döwleti bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.
Iki ýurduň medeni mirasyny gorap saklamaga we ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri guramak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
