Türkmenistanyň DIM-nde Rumyniýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň DIM-nde Rumyniýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

3-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ion Nawalyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn saparlaryň, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerinde ýokary we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň gurnamagyň zerurdygyny bellediler.

Daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri, şeýle hem Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň mejlislerini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki formatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça söhbetdeşler Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Rumyniýa dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli güýçlendirýär
Magtymguly Pyragynyň rumyn diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Magtymguly Pyragynyň rumyn diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
“MULTIPOWER SRL” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
EURO 2020 -niň SAÝLAMA TAPGYRY
11.09.2019 | Rumyniýanyň paýtagtynda ýurdumyzyň medeniýeti we taryhy bilen tanyşdyrýan sergi açyldy