Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýini hatyralady

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýini hatyralady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji martda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de Eýranyň Beýik Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň hatyrasyna açylan gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Raşid Meredow bu ýerde Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirdi we bu agyr ýitgi sebäpli gynanç bildirdi.

Gynanç kitaby diňe ilçihanada däl, eýsem Aşgabatdaky Eýran medeniýet merkezinde hem açyldy. Bu kitap 4-nji martda açylyp, 1015 günüň dowamynda elýeterli bolar.

Mundan ozal türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Eýran: mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
Gurbanguly Berdimuhamedow EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna interwýu berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik liderini gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň täze saýlanylan Beýik liderini gutlady
Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi