Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Dubaýda we Abu-Dabide birnäçe duşuşyk geçirdi

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halkara hyzmatdaşlyk döwlet ministri Rim bint Ibragim Al Haşiminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ministrler türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.Halkara meseleleri babatda meňzeş nukdaýnazarlaryň hem-de başlangyçlaryň köptaraplaýyn görnüşlerde ikitaraplaýyn goldanylmagy barada bellenip geçildi. Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň gatnaşmagy meýilleşdirilýän “EKSPO-2020” halkara serginiň wajyplygyny bellediler.

Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň Dubaý şäherindäki Baş konsullygynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 24-nji noýabrda Abu-Dabi şäherinde R.Meredow bilen BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezident işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler.Döwlet baştutanlarynyň birek-birege saparlarynyň türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň berkemegine uly itergi berýändigi barada hem bellenip geçildi. Şeýle-de taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligi hem-de ýokary tehnologiýalar, şäher gurluşygy, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda tejribe alyşmagyň möhümdigi hakynda aýratyn belläp geçdiler.

Ondan soňra R.Meredow BAE-niň Daşary işler döwlet ministri Anwar Mohammed Gargaş bilen duşuşyk geçirdi.Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Baş konsullygynyň açylyşynyň wajyplygy hakynda aýdyp, ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi barada aýratyn gürrüň edildi. Şeýle hem energetika, ulag, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmek meselelerine seredildi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
22-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutladylar
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady