Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Owganystanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Owganystan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Najibullah Alikhil bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler. Ilçi Türkmenistanyň Owganystandaky parahatçylykly ýagdaýlaryň ilerledilmegine goşandyny nygtamak bilen, Türkmenistanyň Hökümetine OYR-nyň halkyna hemmetaraplaýyn goldaw, onuň diplomatik işini ýerine ýetirmekde berlen ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bilen bir hatarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy. Şu jähtden golaýda Kabul şäherinde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge niýetlenen ähmiýetli resminamalara gol çekmek dabarasy agzaldy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Najibullah Alikhile köpugurly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşandy üçin hoşallyk bildirildi.

Ýene degişli makalalar

14.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyna we Premýer-ministrine mekdepdäki ýangyn zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyna we Premýer-ministrine mekdepdäki ýangyn zerarly gynanç bildirdi
Talyplar Farah şäherine hüjüm edenlerinden soň ekspertler TOPH geçirijisiniň howpsuzlygyna şübhe bildirdiler
Russiýaly kosmonawt kosmosdan Türkmenistana gutlag iberdi, türkmen metbugatynyň gutlagda çap eden suraty şübheli
08.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmen wekilýeti EXPO 2020 sergisine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy