Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 27-nji maýynda Waşington şäherinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i penşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar geçen ýylyň noýabrynda Waşington şäherinde geçirilen C5+1 sammitiniň, şeýle hem Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň üstünlikli bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Bu duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berendigi nygtaldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ABŞ-nyň işewür toparlary bilen gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ amala aşyran saparynyň we onuň çäklerinde ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem taraplar ABŞTürkmenistan işewürler geňeşiniň wekiliýetiniň Türkmenistana boljak saparyna, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň arasynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän her ýylky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna taýýarlyk görmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ABŞ-NYŇ DÖWLET SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY BARADA
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy barada
Türkmen baş diplomaty Waşingtonda ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmen hökümetiniň goňşy Eýrandaky hüjümler barada dymmagy ilatda howatyrlanma döredýär
ABŞ-nyň döwlet sekretary Rubio türkmen kärdeşi bilen Ysraýyl-Eýran konflikti barada gürleşdi
Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?