Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň käbir buýruklary güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň käbir buýruklary güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň käbir buýruklary güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň 2024-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda çykaran 59-iş belgili degişli buýrugy Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alyndy.

Döwlet belligine alynan kadalaşdyryjy hukuk namalaryň sanawynda görkezilýän buýruga görä, 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen Hukuk namalary hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 31-nji maddasyna we 2012-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen Ätiýaçlandyryş hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji, 14-nji maddalaryna laýyklykda,

1. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2006-njy ýylyň 4-nji awgustynda 403 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Howa gämilerini we awiagatnadyjylaryň jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryny tassyklamak barada Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2006-njy ýylyň 28-nji martynda çykaran 31 belgili buýrugyny;

2) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2007-nji ýylyň 5-nji fewralynda 428 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryşyň Kadalaryny tassyklamak barada Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2006-njy ýylyň 5-nji iýunynda çykaran 46 belgili buýrugyny.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň orunbasary gözegçilik etmeli.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Prezident Erdogan Ysraýylyň ynsanperwer kömek blokadasyny ýazgardy
BMG-niň Sionist režimiň uruş ministriniň Gaza baradaky beýanatyna jogaby
Erdogan Trampa: “Wenesuela durnuksyzlyga sezewar edilmeli däl” diýdi
Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur
Erdogan Siriýada ylalaşygy goldady we hemişelik çözgüt tapmak barada çagyryş berdi