Türkmenistanyň Döwlet arhiwiniň ozalky başlygy Maýa Mollaýewa aradan çykdy

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmeleriniň habar bermeklerine görä, Türkmenistanyň Döwlet arhiwiniň ozalky başlygy Maýa Mollaýewa 85 ýaşynda, Aşgabatda aradan çykdy.

Mollaýewa SSSR zamanasynda Türkmenistan Kompartiýasynyň MK-nyň sekretary boldy.

Ol 1990-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Baş arhiwine ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle-de Mollaýewa 2008-2012-nji ýyllarda eserleriň çeperçilik derejesine baha bermek baradaky döwlet komissiýasyna başlyk boldy.

2012-nji ýylda, döwlet baştutanynyň kararyna laýyklykda, ol Türkmenistanyň prezidentiniň Arhiwine başlyk bellenildi we bu ýerde 2015-nji ýyla çenli işledi.

Mollaýewa 2015-nji ýylda pensiýa çykdy.

Ýene degişli makalalar

Nabat Nurmuhammedowa we Amanbibi Welmyradowa bagyşlanan hatyra agşamy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmen adam atlary: Täze meýiller we köne tejribeler
30.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nirede?