Türkmenistanda ilaty döwlet dükanlary arkaly azyk önümleri bilen üpjün etmegiň biraz gowulaşanýandygy göze ilýär.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, şu günler Aşgabadyň bazarlarynda towuk butlary peýda boldy we olar çäklendirmezden, kilogramy 8 manantdan satylýar.
Ýtladýarys, sentýabrda paýtagtda towuk etiniň gytçylygy döredi. Towuk butlaryny adam başyna iki kilogramdan artyk satmadylar.
Mundanam başga, häzir ýurt içinde öndürilen “Pepsi-Kola” içgisini çäklendirmezden satyn alyp bolýar.
Satyjylar bu içgini 12 çüýşelik blogy bilen 48 manatdan satmaga çalyşýarlar.Bloklara 2 manat bahasy bolan suhari ýa çipsi goşup, alyjylar 50 manat tölär ýaly edýärler.
13-nji oktýabrda döwlet dükanlarynda ýene çilim peýda boldy, ýogsa ol awgustdan bäri ýokdy. Emma indi iň arzan çilimleriň hem gutusy 25 manatdan däl-de, 30 manatdan satylýar.
Ýerli un döwlet dükanlarynda kilogramy 1-1,5 manatdan satylýar, emma onuň hilini pesdigi we görnetin ýokary sortly däldigi (goňur) habar berilýär.
Şol bir wagtda, hususy dükanlarda Gazagystandan import edilýän unuň bahasy kilogramy 8 manada çenli gymmatlady, martda onuň kilogramy 4,80 bolpdy. Rus ununyň bahasy hem, şu ýylyň martynda iki kilogramlyk gutusy 21-26 manat bolan bolsa, oktýabrda 39 manada çenli gymmatlady.
1 of 2
Şunuň bilen birlikde, aşgabat häkimiýetleri ýene bir gezek köp kwartiraly etrapçalarda açylan hususy dükanlaryň daşyna geçdiler. Etraplaryň köpüsinde supermarketler we söwda merkezleri ýok. Şu sebäpden telekeçiler jaýlaryň ýerzeminlerinde we birinji gatlarynda hususy dükanjyklary açyp, ol ýerde bazardan lomaý alan harytlaryny satýarlar.
Soňky günlerde häkinlikleriň, polisiýanyň we salgyt gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda düzülen komissiýalar söwda nokatlaryna aýlanyp, bu hili dükanlaryň haýal etmezden ýapylmagyny talap edýärler. Soňky günlerde diňe Parahat-7 etrakçasynda şu hili dükanlaryň dokuz sanysy ýapyldy.
Aziadanyň öňüsyrasynda hem Aşgabatda ownuk söwda nokatlaryny ýapypdylar. Soňra, para bermek arkaly, käbir dükan eýelerine öz dükanjyklaryny gaýtadan açmaga rugsat berildi.
Belleýäris, HWF-nyň ekspertleri Türkmenistana sapar edeninden soň, häkimiýetlere “biznesiň aşa düzgünleşdirilmeginden dynmak we telekeçileriň ählisine deň bazar şertlertini döretmek” maslahat berlipdi.
