Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli täze kitaplary taýýarlady

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli täze kitaplary taýýarlady

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Magtymguly Pyragy paýhas çeşmesi atly ylmy-amaly maslahatyň makalalar ýygyndysy, Bagtyýar ýaşlarymyzyň kalplarynyň şygary, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly goşgular ýygyndysy hem-de Поэзия Махтумкули Фраги: лингвокультурологический и лингвопоэтический аспекты atly monografiýa taýýarlanyldy we çap edildi.

Bu barada TDEI-niň metbugat gullugy Turkmenportala habar berdi.

Magtymguly Pyragy paýhas çeşmesi atly ylmy-amaly maslahatyň makalalar ýygyndysyna diňe bir Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň däl, eýsem, Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň akyldar şahyryň edebi mirasyna bagyşlap ýazan ylmy makalalary girizilipdir.

Bagtyýar ýaşlarymyzyň kalplarynyň şygary, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly goşgular ýygyndysynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bir hatarda Türkmenistandaky 23 sany ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň 306 sany şygry ýerleşdirilen. Kitap jemi 190 sany awtoryň goşgularyny öz içine alýar. Goşgular ýygyndysy institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Abdy Abdyýew tarapyndan çapa taýýarlanylypdyr.

TDEI-niň Diller kafedrasynyň uly mugallymy Jahan Saparowa tarapyndan ýazylan Поэзия Махтумкули Фраги: лингвокультурологический и лингвопоэтический аспекты atly monografiýa hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanandyr. Monografiýada Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dil biliminiň möhüm pudagy bolan lingwokulturologiýanyň esasynda derňelýär.

Kitaplary şu salgydan ýükläp bilersiňiz!

Ýene degişli makalalar

Halk Maslahatynda aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi
Paýtagtda dynç alyş güni üçin alty täsirli ýer: Turkmenportaldan gollanma
Tejenli gallaçylar bugdaý meýdanlarynda gemrijileriň we ýylanlaryň köpelmegine alada bildirýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününiň 67 ýyllygyna
26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler