Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan E-TIR ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işlenilýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan E-TIR ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işlenilýär

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan E-TIR ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işlenilýär. Bu bolsa, serhet geçelgelerde resmileşdirme işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagyna mümkinçilik berýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Çeşmede bellenilişine görä, Türkmenistanyň serhetýaka awtoýollary gümrük nokatlarynyň ählisinde, şol sanda Altyn Asyr, Artyk, Sarahs, Serhetabat, Ymamnazar, Farap, Daşoguzawtoýollary we Garabogaz gümrük nokatlarynda halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglaryň gümrük serhedinden geçirilmegini tizleşdirmäge mümkinçilik döredýän TIR-EPD sanly ulgamy hereket edýär.

Bu ulgam halkara awtoulagly daşalýan ýükler barada ähli maglumatlary awtoulagyň ýüklenip ugramagy bilen bir wagtda, elektron görnüşde TIR Konwensiýa agza ýurtlaryň gümrük edaralaryna awtomatiki usulda dessin bermäge şert döredýär. Bu bolsa, ýurdumyza gelýän we üstaşyr geçýän ýükli awtoulaglaryň gümrük gözegçiligini ygtybarly guramaga we olary serhetden çalt geçirmäge, Türkmenistanda öndürilýän önümleri Konwensiýasyna gatnaşýan ýurtlara päsgelçiliksiz eltilmegine giň mümkinçilik döredýär.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKYNYŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPADA HOWPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINDEN YNANÇ HATYNY KABUL ETDI