Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary mynasyp gören dalaşgärlerine ses berdiler

Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary mynasyp gören dalaşgärlerine ses berdiler

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdylar.

Ir bilen döwlet ýolbaşçylary Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň çäginde ýerleşýän Annanyýaz Artykow adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebindäki 48-nji saýlaw uçastogyna geldiler. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mynasyp gören dalaşgärlerine ses berdiler.

TDH-nyň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow saýlawlara görlen taýýarlyk işlerine kanagatlanma bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik-syýasy çäräniň geçirilýän ýerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky 48-nji saýlaw uçastogynda mynasyp gören dalaşgärine ses berdi
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident saýlawlarynda ses bermäge gatnaşdy
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident saýlawlarynda ses bermäge gatnaşdy
Stambulda ýasama spirtli içgiler sebäpli üç türkmenistanly öldi, iki türkmen raýaty tussag edildi
Stambulda ýasama içgiler sebäpli üç türkmenistanly öldi, iki türkmen raýaty tussag edildi
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň aýdymçy ýaşlaryny sylaglady