Türkmenistanyň dokma kärhanalary Özbegistandaky halkara sergä gatnaşarlar

Türkmenistanyň dokma kärhanalary Özbegistandaky halkara sergä gatnaşarlar

Türkmenistanyň dokma kärhanalary 18-20-nji oktýabr günlerinde Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriljek Uztextilexpo-2023 Autumn VII halkara dokma sergisine we moda görkezilişine gatnaşarlar. Sergi Tashkent Textile Week hepdeliginiň çäginde guralyp, ol Daşkent şäherindäki UzExpoMarkaz sergi merkezinde geçiriler. Bu barada özbek internet saýty habar berdi.

Halkara sergä we moda görkezilişine ýerli dokma önümlerini öndürijiler bilen bir hatarda Hytaýdan, Hindistandan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan we Täjigistandan dokma brendleriniň 180-den gowragy gatnaşar. Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar özleriniň eksporta niýetlenilen dokma önümlerini görkezilişe çykararlar. Şeýle-de, gatnaşyjy ýurtlaryň dokma brendleriniň meşhur we täze moda kolleksiýalary görkeziler.

Serginiň dowamynda Oztokimaçiliksanoat açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem-de USAID tarapyndan Brendleşmek mekdebi atly okuw maslahatlary guralar.

Ýene degişli makalalar

"Vivienne Westwood", "Fashion Channel Italy" “Turkmen Textile Expo” sergisine gatnaşarlar
“Owadan Ülke” kompaniýasy Özbegistandaky sergide öz önümleri bilen tanyşdyrdy
Daşkentde Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerini dolandyrmak meselesi maslahatlaşylar
Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
29.03.2018 | Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň birinji senagat sergisi geçirilýär
Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň birinji senagat sergisi geçirilýär