Türkmenistanyň dünýäniň energiýa bazaryndaky orny Turkmenportalyň awgust seljermesi

Türkmenistanyň dünýäniň energiýa bazaryndaky orny  Turkmenportalyň awgust seljermesi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäde tebigy gazyň gorlaryna iň baý döwletleriň biri bolmak bilen bir hatarda, mawy ýangyjy daşarky bazarlara eksport etmek boýunça hem sebitiň öňdebaryjysy hasaplanylýar.Häzirki wagtda ýurtda tebigy gazy eksport etmek üçin täze bazarlary gözlemek boýunça üstünlikli iş alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň awgust aýy bu ugurda gazanylan örän ähmiýetli üstünlikler we taryhy ylalaşyklar bilen ýatda galar diýip bileris. Çünki Türkmenistan diňe awgust aýynyň dowamynda Wengriýa, Yrak ýaly tebigy gazy eksport etmegiň täze bazarlaryna tarap aýgytly ädim äden bolsa, goňşy Özbegistan bilen bu ugurda täze ylalaşyk gazanyldy. Şolar bilen baglylykda hem Turkmenportal awgust aýynda türkmen gazyny daşarky bazarlara eksport etmekde gazanylan üstünlikler barada ýörite ykdysady seljerme taýýarlady.

Aşgabat Budapeşt: syýasy şertnama

Ozal habar berşimiz ýaly, 20-nji awgustda Budapeştde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň duşuşygy Wengriýanyň energetika syýasatynda möhüm ähmiýete eýe boldy.Sebäbi şol duşuşygyň barşynda geljekde türkmen gazyny Wengriýa ibermek barada syýasy ylalaşyk gazanyldy.

Munuň şeýledigini Wengriýanyň daşary işler we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri P.Siýýartonyň Facebook sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda ýazan şu sözleri hem tassyklaýar:

Türkmenistan tarapyndan Wengriýanyň türkmen gazyny Ýewropa we üstaşyr geçýän ýurtlaryň birine iberip biljekdigi babatdaky syýasy erk we syýasy niýet örän aýdyň.Syýasy şertnama baglaşyldy, indi täjirçilik gepleşiklerini dowam etdirmek üçin nobat — kompaniýalaryňky.

Türkmenistan geljekde Ýewropany tebigy gaz bilen üpjün etmek möhüm ähmiýetli döwletleriň biridir, sebäbi Merkezi Aziýanyň bu ýurdunda dünýäde iň uly tebigy gaz gorlary bar.Biziň Wengriýa geljekde türkmen tebigy gazynyň eksport ediljek ýurdy bolmaly diýen syýasy ylalaşygymyz bar.

Bu waka dessine dünýäniň iň abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem seslenme döretdi. Şolaryň hatarynda Budapeşt bilen Aşgabat Türkmenistandan Wengriýa gaz iberilmegi barada syýasy şertnama baglaşdy. Indi kompaniýalaryň arasynda gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar diýip, RIA Nowosti neşiriniň paýlaşan habaryny görkezmek bolar.

TDH-niň maglumatlarynda bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirip, öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň deň derejede bähbitlerini nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Ýewropa ugry Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri we şeýle bolmagynda hem galýar.

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlyga hemişe taýýardyr.

Mälim bolşuna görä, türkmen mawy ýangyjynyň Wengriýa iberilmegini Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň üsti bilen guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýýarto Türkmenistandan Wengirýa tebigy gaz ibermek üçin geçirijilik kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan 300 kilometrlik turbageçirijini gurmagyň, şeýle hem Günorta-Gündogar Ýewropadaky turbageçirijileriň kuwwatyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň tebigy gazynyň Wengriýa iberilmegi bilen bagly gazanylan syýasy ylalaşyk türkmen mawy ýangyjyny Ýewropa eksport etmek babatda ädilen örän möhüm ädimdir.

Aşgabat Bagdat: swop taslamasy

Edil Wengriýa ýaly, Yrak hem soňky aýlaryň dowamynda türkmen gazyna esasy hyrydar hökmünde orta çykdy.Muňa Yragyň Hökümeti tarapyndan türkmen gazyny satyn almak boýunça alnyp barylýan işjeň hereketleriň mysalynda göz ýetirmek bolýar.

Awgust aýynyň başynda Yragyň Energetika ministrligi Türkmenistandan we Katardan gaz importyny ýola goýmak maksady bilen, bilelikdäki komitet döredipdi.Bu komitetiň düzümi Yragyň Nebit ministrliginiň we Elektrik ministrliginiň işgärlerinden ybarat bolup, ol Türkmenistandan we Katardan gaz importyny ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barýar.

Agzalan komitetiň agzalaryndan ybarat yrak wekiliýetiniň awgustyň üçünji ongünlüginiň başynda Türkmenistanda saparda bolup, türkmen tarapy bilen geçiren gepleşikleri hem oňyn häsiýete eýe boldy.Gepleşikleriň barşynda türkmen gazyny swop görnüşinde Eýranyň üsti bilen Yraga akdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşiklerden soňra wekiliýete ýolbaşçylyk eden Yragyň nebit we gaz ministri Azat Saber köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýusynda Türkmenistandan Yraga tebigy gazy eksport etmek boýunça degişli ylalaşygyň şu ýylyň ahyryna çenli gazanyljakdygyna ynam bildirdi.

Ýeri gelende bellesek, Yrak häzirki wagtda ýylda 9 milliard kub metrden gowrak tebigy gazy daşary ýurtlardan import edýär. Şonuň 40 göterimden gowragy Eýranyň paýyna düşýär.Gepleşiklerde türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen swop görnüşinde Yraga eksport etmegiň agzalandygyndan çen tutup, Türkmenistandan bu ýurda iberiljek gazyň hem birnäçe milliard kub metrde boljakdygyny çak etmek bolar.

Eger-de bu ugurdaky gepleşikler üstünlikli tamamlanyp, türkmen gazy Yraga iberilip başlanylsa, munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak bilen birlikde, tebigy gazyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmakda oňyn çözgütleriň biri bolar.

Aşgabat Daşkent: 2 milliard kub metr

Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyna dahylly awgusta aýynda ýüze çykan ähmiýetli wakalaryň ýene biri Özbegistana türkmen gazyny gönüden-göni eksport etmek babatda gysgamöhletleýin ylalaşygyň gazanylandygydyr.Has takygy, 24-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurda sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar türkmen tebigy gazyny Özbegistana ibermek barada täze şertnama baglaşmak barada ylalaşdylar.

Gepleşiklerden soňra Ž.Mirzamahmudowyň özbek habar beriş serişdelerine beren interwýusynda bellemegine görä, Türkmenistanyň Türkmengaz döwlet konserni bilen Özbegistanyň Uzgaztreýd paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gazanylan ylalaşyk esasynda 1 ýylyň dowamynda 2 milliard kub metr ürkmen mawy ýangyjyny goňşy ýurda eksport etmek babatda ylalaşyldy.

Mundan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri geljekde taraplaryň arasynda tebigy gazyň eksporty boýunça uzakmöhletleýin ylalaşygyň gazanyljakdygyny we eksport edilýän tebigy gazyň mukdarynyň artdyryljakdygyny belläp geçdi. Şulardan görnüşi ýaly, Özbegistan ýurduň içerki zerurlyklaryny üpjün etmek üçin türkmen gazyny import etmäge çynlakaý gyzyklanma bildirýär we bu ugurda degişli işleri alyp barýar. Şonuň üçin hem, Türkmenistan geljekde goňşy ýurda öz gazynyň uly mukdaryny eksport etmek arkaly mawy ýangyçdan gelýän gyzyl puldaky girdejisini artyrmak babatda amatly mümkinçilige eýe diýip bolar.

Aşgabat Pekin: 65 milliard kub metr

Bilşimiz ýaly, türkmen gazynyň esasy import edijisi Hytaý Halk Respublikasy bolup durýar.Häzirki wagtda her ýylda 40 milliard kub metr töweregi türkmen gazy Hytaýa eksport edilýär.Bu mukdaryň ýakyn geljekde 65 milliard kub metre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Çünki Hytaý tarapy tebigy gaza bolan içerki islegiň ýylsaýyn artýandygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak isleýär. Şu maksat bilen, awgust aýynyň üçünji dekadasynda Hytaýyň Premýer-ministriniň orunbasary He Lifen Duşenbäniň häkimi Rustam Emomali bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý turbageçirijisiniň (Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň) gurluşygyny çaltlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Duşuşygyň dowamynda turbageçirijiniň gurluşygyny çaltlaşdyrmak üçin, Hytaýyň Täjigistana maýa goýumlaryny gönükdirjekdigi nygtaldy.

Ozalky üç şahadan tapawutlylykda, Gazagystanyň däl-de, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň üstünden geçýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň işe girizilmegi bilen ýene-de goşmaça 25 milliard kub metr türkmen gazyny Hytaýa ibermäge we eksportyň umumy mukdaryny 65 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçilik dörär.

Bularyň ählisi ýene-de uzak ýyllaryň dowamynda Hytaýyň türkmen gazynyň esasy importýory, Türkmenistanyň bolsa bu ýurdy turbageçirijiler arkaly tebigy gaz bilen esasy üpjün ediji bolmagynda gajakdygyny aňladýar.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Türkmenistan Hytaýa umumy bahasy 10 milliard 250 million dollarlyk tebigy gaz eksport etdi. Şu ýylyň ýedi aýynda bolsa bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10 göterim ýokarlanyp, eksport edilen tebigy gazyň umumy bahasy 5,85 millliard amerikan dollaryna deň boldy.

Aşgabat Yslamabat: TOPH taslamasy

Bulardan başga-da, awgust aýynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi babatda hem öňegidişlikler hasaba alyndy.Muny Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamowyň 24-nji awgustda Pakistanyň federal energiýa ministri Muhammet Aly bilen bolan duşuşygynyň mysalynda görmek bolýar.

Duşuşykda Muhammet Aly Pakistanyň ykdysadyýetinde gazyň möhüm ornuna ünsi çekdi we ol: Ýurduň energiýa çeşmelerine bolan islegi sebäpli bu taslamalar işjeň çemeleşmegi talap edýär diýip belledi. Şeýle hem ministr Pakistanyň TOPH taslamasyna ygrarlydygyny tassyklady.

Şeýle-de taraplar TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gidişine syn bermek üçin iş toparynyň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek barada ylalaşdylar. Gepleşikleriň barşynda Pakistanyň federal energiýa ministri Muhammet Aly: Taslama dogry ugurda öňe gidýär we öz miwesini berer. Şunuň bilen baglylykda, kabul ediji ýurduň Hökümet şertnamasynyň (HGA) oktýabr aýynda özara ylalaşyk esasynda baglaşylmagyna garaşylýar diýip belledi.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistan we Pakistan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmak baradaky bilelikdäki Meýilnama gol çekişdi. Bu resminama TOPH gaz geçiriji taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýol kartasy bolup hyzmat edýär.

***

Şeýlelikde, Türkmenistanyň resmi habarlar agentliginiň, şeýle-de dünýäniň statistika gulluklarynyň berýän maglumatlaryndan görnüşi ýaly, Aşgabadyň häzirki wagtda dünýäde barha uly gyzyklanma eýe bolýan ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge baý mümkinçilikleri bar.

Umuman, awgust aýynyň wakalary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak arkaly amala aşyrylýan energetika diplomatiýasynyň netijeli hem-de ygtybarly häsiýete eýedigini nobatdaky gezek tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Dunaý kenaryndan agyp, Budapeşti gark etdi
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
ÝB resmisi Hazarüsti taslamasy babatynda täjirçilik we bazar bähbitleriniň ähmiýetine ünsi çekýär
Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
Ýewraziýa döwletlerinde başdan geçirlen soňky wakalar
Budapeştde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri görkezildi