Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda Ahal we Altyn asyr toparlary deňme-deň oýnadylar

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda Ahal we Altyn asyr toparlary deňme-deň oýnadylar

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň esasy duşuşyklarynyň biri Ahal bilen Altyn asyr toparlarynyň arasynda geçirildi.Häzirki milli birinjilikde bu toparlar şu wagta çenli ýurdumyzyň häzirki çempiony Arkadag toparyndan birmeňzeş 0:1 hasap bilen utulyp, hersi bir ýeňlişe sezewar boldy.

Emma türkmen futbolynyň taryhynda bu garşydaşlaryň arasyndaky bäsdeşlikde çempionlygyň ykbaly çözülýän ýagdaýlar az bolmandy.Geçen ýyl Ahal we Altyn asyr toparlary Aziýanyň toparçalaýyn ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik etdiler: Türkmenistanyň futbol çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Ahal topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn duşuşyklarynda çykyş etdi, Altyn asyr bolsa AFK-nyň Çagyryş ligasynda oýnady.

Bu duşuşyk Ahal toparynyň öý meýdançasy hasaplanýan Aşgabat köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirildi.Garaşylyşy ýaly, oýun dartgynly ýagdaýda geçdi, munuň subutnamasy hökmünde duşuşykda emin B.Atdyýew tarapyndan iki toparyň futbolçylaryna jemi ýedi sany sary kart berildi.

Duşuşygyň dowamynda Ahal hem-de Altyn asyr toparlarynyň futbolçylary ýeňiş gazanmak üçin uly tagalla etdiler. Şeýle-de bolsa, taraplaryň hiç biri hasaby açyp bilmedi.Netijede, oýun 0:0 hasabynda deňlik bilen tamamlandy we toparlaryň hersi bir utuk gazandy. Şondan soň Ahal toparynyň utuk sany 5-e ýetip, ýaryş tertibinde altynjy orny eýeledi, Altyn asyr topary bolsa 7 utuk bilen üçünji orunda ýerleşdi.

Dördünji orunda ýerleşýän Marynyň Merw topary hem öz meýdançasynda Aşgabat toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, 7 utuk toplady. Öý eýelerine ýeňiş getiren pökgüleri Mukam Nazyýew (39-njy minut) we Abdyrasul Abdyýew (59-njy minut) geçirdi.

Myhmanlar bolsa goşmaça wagtda, 97-nji minutda Didar Didarowyň pökgüsi bilen hasaby açdylar. Şeýle hem Balkanabat şäheriniň Nebitçi topary ikinji ýeňşini gazanyp, Köpetdag toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýeke-täk pökgini 38-nji minutda Begenç Mämiýew geçirdi, bu bolsa toparyň ýaryş tertibinde altynjy orna çykmagyna mümkinçilik berdi. Ýatladyp geçsek, bäşinji tapgyryň öňüsyrasynda 12 utuk bilen Arkadag topary öňde barýar.

Ondan 3 utuk yza galýan Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam topary indiki tapgyrda öz meýdançasynda Ahal topary bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Arkadag we Altyn asyr toparlary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna uly ýeňişler bilen başladylar
Arkadag futbol toparynyň Andijon topary bilen AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasyndaky duşuşygy deňme-deň tamamlandy
Arkadag futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy
Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
27-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň jemi jemlendi