Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (U-23) Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryndaky çykyşyny tamamlady

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (U-23) Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryndaky çykyşyny tamamlady

Türkmenistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysy düýn Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynda Surakarta şäherindäki Manahan stadionynda ýer eýeleriniň — Indoneziýanyň ýaşlar ýygyndysy bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen futbolçylary 0:2 hasabynda asgyn geldiler.

Ýerli ýygyndy hasaby 40-njy minutda asly niderlandly Iwar Ýenneriň geçiren goly bilen açdy. Goşmaça minutlaryň 2-nji minudynda bolsa Pratama Arhan Alif Rifai hasaby 2:0-a çykardy.

Ahmet Agamyradowyň şägirtleri ilkinji duşuşygynda Taýwandan 4:0 hasabynda üstün çykan hem bolsa, ikinji duşuşykdaky utulyş olaryň yklym ýaryşyna gatnaşmak baradaky umydynyň soňuna sogan ekdi. Türkmen ýygyndysy ikinji orny eýelän iň gowy toparlaryň ilkinji dörtlügine hem girip bilmedi.

Ýene degişli makalalar

Ysmail Gaspyraly
Niderlandlar Patyşalygynyň futbol birleşiginiň ýolbaşçylary Türkmenistana sapar etmegi meýilleşdirýärler
15-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy
ÝB Belarussiýa özüniň howa giňişligini ulanmagyna rugsat bermez
Belgiýanyň ýygyndysy mälim edildi, doganlar Hazarlar düzüme çagyryldy