Türkmenistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berilýär

Türkmenistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berilýär

Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji aýlawyna badalga berler. 10-njy tapgyryň duşuşyklary bilen başlanýan täze aýlawyň ilkinji bäsdeşleriniň Marynyň Merw we Balkanabadyň Nebitçi toparlary bolar.

Bir duşuşygy şu gün geçiriljek täze tapgyr ertir tamamlanar. Şu gün Mary şäherinde ýerli Merw Nebitçini kabul etse, ertir paýtagtda Köpetdag Aşgabady, Türkmenbaşy şäherinde Şagadam Altyn asyry, şeýle hem Mary şäherinde Energetik Ahaly kabul eder.

10-njy tapgyryň duşuşyklary:

23.04.2024 ý. (sişenbe)

“Merw” “Nebitçi”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)

Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

24.04.2024 ý. (çarşenbe)

“Köpetdag” “Aşgabat”

Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), K.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Japarow (Aşgabat ş.)

“Şagadam” “Altyn Asyr”

Geçirilýän ýeri: “Şagadam” (Türkmenbaşy ş.)

Başlanýan wagty: 17:30

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.), A.Jumaýew (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

“Energetik” “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Energetik” (Mary ş. )

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: W.Boliýans (Türkmenabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2024: 4-nji tapgyrda Maryda birbada iki duşuşyk geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty: 5-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar paýlaşyldy
TÝL ― 2023: Arkadag futbol topary birinji aýlawdaky jemleýji duşuşygynda Ahaly uly hasap bilen ýeňdi
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar
TÝL - 2023: 15-nji tapgyryň duşuşyklarynyň geçiriljek ýerleri, başlanjak wagtlary we eminleri