Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Indoneziýadan asgyn geldi

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Indoneziýadan asgyn geldi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Indoneziýanyň ýygyndysy bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda asgyn geldi. Surabaýa şäherinde geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda gollary 19-njy minutda Dendi Sulisýwan bilen 90+1-nji minutda Egi Maulana geçirdi.

Duşuşykda türkmen janköýerleriniň keýpini gaçyran ýagdaýlaryň ýene biri hem 49-njy minutda Şanazar Tirkişowyň garşydaşyň jerime meýdançasynda ýykylmagyna garamazdan, eminiň 11 metrlik jerime urgusyny bermezligi boldy.

Türkmen milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görýändigini ýatladýarys. Mergen Orazowyň şägirtleri 12-nji sentýabrda Dubaýda Bahreýniň ýygyndysy bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler.

Ýene degişli makalalar

Arkadag topary Türkmenistanyň kubogynyň 1/4 final tapgyrynda Köpetdagy uly hasapda ýeňdi
TÝL ― 2022: Ahal Nebitçini uly hasap bilen ýeňdi
TÝL ― 2023: 12-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: Arkadag topary ikinji aýlawa ýeňiş bilen başlady
Sankt-Peterburg Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar, Moskwa sirkiniň aristleri Türkmenistandaky çykyşlarynyň maksatnamasyny açdylar, telekeçiler üçin pensiýa gatançlaryny tölemegiň möhleti gelip ýetdi we beýleki habarlar
Birbada dört futbolçy Türkmenistanyň milli ýygyndysynda ilkinji duşuşygyny geçirdi