Türkmenistanyň “Galkynyş” at üstündäki oýunlar topary Baku şäherinde çykyş etdi

Türkmenistanyň “Galkynyş” at üstündäki oýunlar topary Baku şäherinde çykyş etdi

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 4-nji martda Baku şäherinde ýerleşýän “Bina” atçylyk-sport merkezinde tomaşaçylar üçin şowhunly çykyşyny hödürledi.

“AZERTAC” agentliginiň çarşenbe güni habar bermegine görä, 2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen Halkara sirk festiwalynyň baş baýragyna eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Azerbaýjanyň paýtagtynda ilkinji gezek çykyş etdiler.

Toparyň artistleri atlaryň üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirip, çykyşlarynyň sazlaşygy, dinamik hereketleri we ýokary ussatlygy bilen tomaşaçylary haýran galdyrdylar.

Şowhunly çykyş Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň hem-de Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň artistleriniň we akrobatlarynyň täsirli çykyşlaryny hem öz içine aldy.

Çykyşyň ahyrynda çapyksuwarlar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň döwlet baýdaklaryny göterip meýdana çykdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen atçylyk sungaty Bakuda uly üstünlik gazandy
Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary Bakudaky Circus Sea Breeze sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar gowşuryldy
GALKYNYŞ MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNA MONTE-KARLO ŞÄHERINDE GEÇIRILEN HALKARA SIRK FESTIWALYNDA SIRK SUNGATYNA ULY GOŞANDY ÜÇIN HALKARA ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar