“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum geçiriler

“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum geçiriler

18-nji martda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2026) atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça forum geçiriler. “TMT Consulting Group” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi guramaçylar hökmünde çykyş ederler.

Forum Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerini dünýä derejesinde giňden tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurduň hususy pudagynyň ähli ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem daşary ýurtly we ýerli işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam eder.

IFT 2026 forumy, Türkmenistanyň hususy pudagynyň halkara sergisi bilen bilelikde guralyp, bu iki çäre gatnaşyjylara işewür gatnaşyklarynyň giňelmegine, täze mümkinçilikleriň açylmagyna we her iki platformanyň mümkinçiliginden doly peýdalanylmagyna mümkinçilik berer.

Forum, B2B we B2G formatlary bilen bir hatarda, B2C görnüşinde hyzmatdaşlyk üçin hem mümkinçilikler döredip, işewür toparlary üçin netijeli hyzmatdaşlyk gurmaga giň ýol açar.

Foruma Ýewropa Bileleşiginden we Aziýa, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Amerika ýurtlaryndan wekilçilikli toparlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Gatnaşyjylara hünärmenler panellerinden we umumy mejlislerden başlap, şahsy gepleşiklere çenli netijeli iş üçin ähli zerur şertler dörediler.

Geçen ýyl Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar atly IFT 2025 halkara forumy ilkinji gezek geçirildi. Bu forum 25 ýurtdan 500-den gowrak wekili bir ýere jemledi. Foruma halkara guramalarynyň 40-sy we 360-dan gowrak kompaniýa gatnaşdy. B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklaryň netijesinde möhüm resminamalar toplumyna gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri üstünlikli geçirildi
IFT 2026: Halkara maýa goýum forumyna taýýarlyk döwlet derejesinde alnyp barylýar
Aşgabatda “Turkmentravel 2026” atly halkara maslahat geçirildi
Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi
Aşgabatda “Turkmen Travel 2026” halkara syýahatçylyk forumy geçiriler
Türkmen logistika kompaniýalary türkmenhytaý işewürlik forumynda ýörite şertlerden peýdalanarlar