Türkmenistanyň Germaniýadaky Konsullygy tarapyndan ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi

20-nji noýabrda Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsullygy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly

30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Dabara Hessen federal ýeriniň Döwlet kanselýariýasynyň wekilleri, maliýe institutlarynyň we bank düzümleriniň hünärmenleri, Hessende akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, medeniýet we ylmy jemgyýetçiligiň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň konsuly öz çykyşynda ýurdumyzyň bitaraplyk derejesiniň geçen 30 ýylyň dowamynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň berk binýady bolup hyzmat edýändigini nygtady. Şeýle-de, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebitleýin howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, ykdysady ösüşi üpjün etmekde hem-de döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi. Şeýle hem, Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, häzirki wagtda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan parahatsöýüjiliklige esaslanýan döredijilikli halkara başlangyçlaryň ähmiýeti aýratyn bellenip geçildi.

Mundan başga-da, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara forumyň ähmiýeti hem aýratyn nygtaldy.Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek bu forum halkara syýasatyň möhüm meseleleriniň, durnukly ösüşiň, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hem-de BMG-niň parahatçylyk ýörelgelerini berkitmekdäki bitarap döwletleriň ornunyň ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meýdançasyna öwrüler.

Resmi çykyşdan soň Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ýyllarynda gazanylan üstünlikleri hem-de ýurduň oňyn Bitaraplygynyň halkara derejesindäki ähmiýeti barada gürrüň berýän wideoşekil görkezildi.

Dabaraly kabul edişligiň çäginde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti we ýurdumyzyň halkara parahatçylyk döredijilik başlangyçlary barada pikir alyşdylar.

Kabul edişlikde myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň GFR-daky konsulynyň Bawariýa federal ýerine iş sapary
Türkmenistanyň konsuly Bawaiýanyň döwlet ministri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmen diplomaty Bawariýanyň Döwlet ministri bilen gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşdy
Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi
Umra gitjek bolýan türkmenistanlylar ýurtdan çykmak we puluny yzyna almak kynçylygyny çekýär
Ýewro ― 2024: Germaniýa Şweýsariýa bilen deňme-deň oýnady, Wengriýa Şotlandiýany ýeňdi