Türkmenistanyň Goranmak ministrligi harby mekdeplere kabul edişligiň başlanýandygyny habar berýär, RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistana geler, we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi harby mekdeplere kabul edişligiň başlanýandygyny habar berýär, RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistana geler, we beýleki habarlar

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi 2023/24-nji okuw ýyly üçin ýöriteleşdirilen harby mekdeplere kabul edişligiň başlanýandygyny yglan etdi. Mekdeplere şu ýylda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlaýan 14-15 ýaşly oglanlar girip bilerler. Harby mekdeplerde bilim almagyň möhleti dört ýyldan ybaratdyr. Kabul edilmek üçin ýaşaýan ýerine degişli harby wekillige arza bilen ýüz tutmak gerekdir.

2. 19-20-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistana geler. Aşgabatda Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen-rus işewrülik forumyna gatnaşar. Forumyň dowamynda işewürlik geňeşleriniň bilelikdäki maslahaty geçiriler. Maslahatyň mowzugy ulag-logistika, bilim, senagat, sanly ulgam we beýleki ugurlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meselelerine bagyşlanar.

3. Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Arkadag şäherinde baş metjidiň taslamasyny düzmek, gurluşygy alyp barmak we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Altyn hojalyk jemgyýeti ýeňiji diýlip yglan edildi.

Şeýle hem Ahal welaýatynyň baş metjidiniň ýanynda medrese-de gurlar.

4. 27-nji ýanwarda 2023-nji ýylyň Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli resmi dabara geçiriler. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77/32 belgili kararnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýyl Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly diýlip yglan edildi.

5.Türkmenistan awiakompaniýasy 2020-nji ýylyň martyna çenli satyn alnan awiapetekleriň işjeňlik möhletini 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli gysgaltmak çözgüdini kabul etdi. Ýolagçylaryň pullary yzyna gaýtarylar ýa-da töleg geçirmezden awiapetekleri gaýtadan bronlamak mümkinçiligi dörediler.

Eger ýolagçynyň elinde Aşgabatdan Sankt-Peterburga ýatyrylan howa gatnawynyň awiapetegi bar bolsa, onda ol töleg geçirmezden ony Aşgabatdan Moskwa ýa-da Kazana howa gatnawynyň awiapetegi bilen çalşyp biler.

6. Indoneziýada kyrkdan gowrak ýaşyl deňiz pyşdyllaryny brakonýerleriň torlaryndan halas etdiler. Häzirki wagtda bu süýrenijiler Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasynyň wekilleri tarapyndan gözegçilikde saklanýarlar. Haýwanlar barlagdan geçirilenden soňra yzyna deňze goýberiler. Soňky ýyllarda brakonýerçilik sebäpli ýaşyl deňiz pyşdyllarynyň sany örän azaldy. Olary, köplenç, Malaýziýa, Wýetnam we Hytaý ýaly ýurtlara iberýärler.

7. Rus kinematografiýasynyň täze filmi Çeburaşka Russiýada we GDA ýurtlarynda ýaýlymda toplan girdejileri boýunça öňdebaryjylaryň hataryna çykdy. Geçen dynç günlerinde Çeburaşka 848 million rubl toplady, onuň tomaşaçylara ýetirilen pursatyndan başlap toplan umumy girdejisi 3 milliard rubldan geçdi, bu bolsa Çeburaşkany iň uly girdejili rus filmine öwürdi.

8.Barselona Ispaniýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda Madridiň Realyndan üstün çykdy.Duşuşyk Saud Arabystanynda Patyşa Abdalla Sports Siti stadionynda geçirildi we katalon toparynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň birinji ýarymynda gök-gyrmyzylaryň düzüminden ýarymgoragçy Gawi hasaby açdy.Birinji ýarymyň ahyrynda ol hüjümçi Robert lewandowskä gol pasyny berdi.Ikinji ýarymda Gawi ýene gol pasyny geçirdi bu gezek onuň pasy bilen Pedri tapawutlandy.

Ikinji ýaryma goşulan goşmaça wagtda Realyň fransuz hüjümçisi Karim Benzema bir gol geçirmegi başardy.

9. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we gyrgyz futbol topary Abdyş-Atanyň derwezebany Rahat Japarow karýerasyny Belarusuň çempionatynda dowam etdirip biler. 26 ýaşly derwezeban belorus futbol topary Gomeliň gyzyklanýan oýunçylarynyň sanawyna düşdi. Mundan başga-da, Japarowa Ermenistanyň, Gruziýanyň we Özbegistanyň çempionatlaryndan toparlar gyzyklanma bildirýärler.

Ýene degişli makalalar

Keramatly topraga zyýarat
Türkiýe, Sudanda Gazanylan Ylalaşykdan Hoşal
Ahalyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklarynyň başlanjak wagtlary belli boldy
Ahalyň Şabab Al-Ahli bilen boljak duşuşykdaky esasy düzümi belli boldy
Fulad ― Ahal duşuşygy Eýranyň IRIB Varzesh teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler
Fulad ― Ahal duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär