Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy brifing geçirdi

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy brifing geçirdi

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden taryhy çykyşyna bagyşlanyp Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri üçin brifing geçirildi.

25-nji sentýabrda bolan duşuşykda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow brifingde çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ugurlarynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp geçdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Brifingiň dowamynda diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň belent münberinde eden maksatnamalaýyn çykyşyndaky esasy başlangyçlary we teklipleri bilen tanyşdyrdy.

Yzygiderli syýasy gepleşikleriň işjeň ösdürilmeginiň, ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň, köp ugurly medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugurlarynyň esasynda oňyn türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň çalt depginde ösýändigi nygtaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, brifinge gatnaşyjylara ýurduň ýeten sepgitleri, şeýle-de türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýan wideo görkezildi.

Brifingiň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, şeýle hem türkmen halkynyň medeni we sungat eserlerine bagyşlanan sergi guraldy.

Ýene degişli makalalar

Gruziýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň 2024-nji ýylyň netijelerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi
AWAZADA ULAG ULGAMYNA DEGIŞLI HALKARA FORUMYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň metbugat brifingi
Ilat ýazuwy boýunça BMG-niň ýokary derejeli bilermen wekiliýetiniň brifingi geçirildi
Türkmenistan welosipediň ähmiýetine bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär