Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärleri Özbegistanyň gümrük taýdan resmileşdirmegi sanlylaşdyrmak tejribesi bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärleri Özbegistanyň gümrük taýdan resmileşdirmegi sanlylaşdyrmak tejribesi bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirmegiň Merkezini döretmekde tejribesini öwrenmek we serhetýaka gümrük nokatlarynyň işi bilen tanyşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine gulluk iş sapary amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.

30-31-nji iýulda bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti gümrük taýdan resmileşdirmegiň Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň ýanyndaky Merkezine baryp gördi.Merkez 2023-nji ýylyň awgust aýynda açylyp, bu toplum maglumatlary gaýtadan işleýän merkezi, uzakdan elektron deklarirleme nokadyny, jaň merkezini, nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümlerini öz içine alýar.

Merkeziň maglumatlar ulgamy daşary ýurt edaralarynyň, ýerli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň we awiakompaniýalaryň maglumat ulgamlary bilen utgaşdyrylandyr.

Uzakdan elektron deklarirleme nokadynda aralykdan berlen ýük gümrük deklarasiýalaryna, şeýle hem gümrük komitetiniň jaň merkeziniň 11-08 gyzgyn telefon arkaly we web-saýty arkaly alnan haýyşnamalardyr ýüztutmalara seredilýär.Nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümlerinde gümrügiň 50 sany maglumatlar ulgamy, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň sanly maglumatlar ulgamy, şeýle hem daşary ýurtlaryň 30-dan gowrak edaralaryňdyr gümrük gulluklarynyň maglumatlary seljerilýär, töwekgelçiliklere baha berilýär we ýurduň ähli gümrük edaralaryny işine uzakdan gözegçilik edilýär.

Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary daşary ýurt ykdysady işiniň Arkbulok we Çukursaý Teh kontora nokatlaryna, şeýle hem Ýallama serhetýaka gümrük nokadyna baryp gördüler.

Ýene degişli makalalar

Terror Guramasy PKK, Siriýada Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Palestinaly Toparlar Ysraýylyň Harby Goşunyna Degişli 21 Ulagy Nyşana Aldy
Ukraina, Russiýanyň Belgorod Şäherini Nyşana Aldy
Owganystanda Polis Ulagy Nyşana Alyndy
Erdogan Kuweýdiň Emirini Döwlet Nyşany Ordeni Bilen Sylaglady
ABŞ, Husileri Nyşana Aldy