Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi maslahat geçirdi

Çärjew etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň we onuň etrapdaky bölüminiň guramagynda maslahat geçirildi.

Oňa etrabyň daýhan birleşikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.Maslahatda ýüze çykmagy ähtimal adatdan daşary ýagdaýlar, olaryň öňüni alyş çäreleri, ýüze çykan ýagdaýynda edilmeli işler barada giňişleýin durup geçdiler.Aýratyn hem, ýangynlaryň, şol sanda tebigy ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak üçin geçirilmeli çärelere, ýer titremesi, suw joşmasy ýaly tebigy hadysalar ýüz çykanda, ýangyn dörände edilmeli işler barada gürrüň etdiler.

Bu barada Jeyhun.news ýazýar.

Sagdyn durmuş ýörelgeleri, olary ilatyň arasynda wagyz etmek we ornaşdyrmak barada hem ýörite çykyşlar diňlenildi.

Ýene degişli makalalar

2025: Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komiteti çäreleriň taýýarlygyny maslahatlaşdylar
Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
Türkmenistan we HGHK sebit bölümi 2025-nji ýyl üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanda jemgyýetde ynsanperwerlik we agzybirlik terbiýesini bermek boýunça okuwlar geçirilýär
Türkiýedäki ýertitremelerde ejir çekenlere Türkmenistandan düşek we ýyladyjy ugradyldy
Türkmenistanyň logistika kompaniýalary Türkiýä ynsanperwerlik kömegini iberdiler
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkiýä ynsanperwerlik kömegini iberdi