Türkmenistanyň häkimiýetleri FLEX testleriniň geçirilmegine heniz rugsat bermedi

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy häzirki wagtda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan FLEX programmalary üçin testleriň geçirilip başlanmagyna rugsat berilmegine garaşylýandygyny habar berýär.

Ilçihananyň maglumatyna görä, 2016-njy ýylda test etmek Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Tejen, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinden sentýabr we noýabr aýlary aralygynda geçirildi.

“Biz FLEX-2017-niň progarmmalary üçin test etmegiň seneleriniň ýakyn wagtda yglan edilmegine garaşýarys.Ilçihana we Amerikan geňeşi häzirki wagtda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan FLEX programmalary üçin testleriň geçirilip başlanmagyna rugsat berilmegine garaşýar.

Bu rugsat alnan badyna test etmegiň geçiriljek senesi we ýeri ilçihananyň web-saýtynda we ilçihananyň sosial ulgamlardaky sahypalarynda yglan ediler” diýip, ilçihananyň beýanatynda aýdylýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” ABŞ-nyň ilçihanasynyň metbugat gullugyndan goşmaça maglumat almaga çalyşdy, emma bu haýyşlar jogapsyz galdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
Türkmenistanda Flex synaglarynyň geçiriljek wagty mälim edildi
Türkmenistanyň häkimiýetleri FLEX boýunça synag geçirmäge rugsat berdiler, ýöne diňe Aşgabatda
Türkmenistanda dekabrdan mekdep okuwçylaryny FLEX programmasyna gatnaşmak üçin seçmek başlanýar
Türkmenistanda "FLEX" synaglary başlaýar
Türkmenistanly mekdep okuwçylary 2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap FLEX maksatnamasyna gatnaşyp bilerler