Türkmenistanyň halk artisti Begli Babanyýazow 95 ýyllygy (1928-2006)

Türkmenistanyň halk artisti Begli Babanyýazow 95 ýyllygy (1928-2006)

Begli Babanyýazow 1928-nji ýylyň mart aýynda Ahal welaýatynyň häzirki Ruhabat etrabynyň Gökje obasynda dünýä inýär.Onuň çagalykdan aýdym-saza imrinmegine obadaşlary, döwrüniň ägirt bagşylarynyň biri bolan Oraz Sopynyň aýdymlary sebäp bolupdyr. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň başlanan ilkinji günlerinden öz islegi boýunça söweş meýdanyna gidip, 1942-nji ýylda hem gahrymanlarça wepat bolan Oraz bagşynyň men diýen çaglary aýdan aýdymlary ýaşajyk Begli üçin özboluşly mekdep bolupdy.

On-on iki ýaşlaryna ýetende, goňşy Köşi obasyna gatnap, meşhur Hally bagşynyňam goja çaglary aýdyşyny köp gezek diňlän Begli, geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynyň başynda, ýaňy açylan Türkmen filarmoniýasyna kabul edilýär.

Şamyrat Gurbannepesow, Ýagdy Mämmetliýew, Sapar Mämiýew, Çary Gurbanow ýaly deň-duşlary bilen halk saz gurallary orkestrinde işläp ugran Begli hem Grigoriý Arakelýan, Aşyr Kulyýew kimin halypalaryň ýardam bermekleri bilen nota sowadyny özleşdirýär. Ýaňy sungat ýoluna başlan geljekki Begli bagşy az wagtdan soň halk saz gurallary orkestriniň ezber dutarçylarynyň hataryna goşulýar.

Irginsiz çekilýän zähmet, uly halypalaryň talabedijiligi, Begliniň diňe bir orkestriň dutarçysy däl, eýsem bagşysy hökmünde-de häli-şindi çykyş etmegine getirýär.

Döwrüň Geldimämmet Orazgulyýew, Gurbandurdy Jeňow, Nurmyrat Annaýew, Oraz Saryýew ýaly atly bagşy-sazandalary bilen geçilýän sapaklary, oba-şäherlerde bolýan çykyşlar bagşynyň örüsiniň giňäp, ýerine ýetirijiliginiň kämilleşmegine ýardam berýär. Şeýlelikde, 50-nji ýyllarda Begli Babanyýazowyň aýdym-ýazgylary Türkmen radiosynda ýaňlanyp başlaýar. Şol ýyllar zehinli dirižýor hem-de kompozitor Gurban Kulyýewiň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallarynyň döwlet orkestriniň taplanyp, köpçüligiň söýgüsini gazanan döwrüdir.

Bu özboluşly aýdym-saz toparynyň meşhurlyk gazanmagynda Soltanmyrat Jygaýew, Annanyýaz Öwezow, Allaberdi Allaberdiýew, Sapar Mämiýew ýaly sazandalar bilen bir hatarda Begliniň hem paýy az däl.

Ilkinji aýdymlary ellinji ýyllaryň ortalarynda Türkmen radiosynda ýaňlanyp ugran Begli Babanyýazowyň häzir milli sazymyzyň altyn hazynasyna giren 50 töweregi ýazgysy saklanýar.Dürli döwürlerde ýurdumyzyň belli dutarçylary, gyjakçylary tarapyndan sazandarlyk edilen şol ýazgylary diňläp görseň, bagşynyň nähili kämilleşendigine göz ýetirmek kyn däl.

Mylaýym gyz gelsin diýdi, Bilmedim, Ýör biläni, Seýdek ýaly ilkinji ýazgylarynda Türkmenistanyň halk bagşylary Çary Gurbanow bilen Çary Täçmämmedow sazandarlyk edipdir.Daglar, Galmanam, Gedasydyr, Ak maýa gerek, Zelil göwnüm, Meýlis halan, Teşnit kimin aýdymlaryny bolsa, ýyllaryň dowamynda işleşen kärdeşleri Annanyýaz Öwezow, Anna Halmuhammedow, Soltanmyrat Jygaýew, Alladurdy Çaryýarow, Nazar Begliýew ýaly dutarçydyr gyjakçylar bilen ýadygärlik goýupdyr.

Onuň Bady sabany görsem, Söýmüşem seni, Özüňden medet, Jelil, Joş gelse diýen ýaly aýdymlarynda bolsa, Ýolaman Nurymow, Akmyrat Çaryýew, Muhammet Muhammetnyýazow dagy sazandarlyk etdiler.

Beýik Garaşsyzlyk zamanymyzyň ilkinji ýyllarynda ömrüni bagşyçylyga bagyş eden Begli Babanyýazowa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly at dakyldy. Begli Babanyýazow 2006-njy ýylyň başynda aradan çykdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Beýik akyldara bagyşlanan nusgalyk eserler
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Türkmenistan bilen Türkiýäniň Arasynda Syýahatçylyk Ösýär
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň nebitgaz pudagyna täze ýolbaşçylary belledi
Türkmenistanyň Prezidenti Aşyrguly Begliýewi Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine gaýtadan belledi