Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-de iş saparynda bolýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-de iş saparynda bolýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş boldy.

BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy BAE-niň energetika ministri Suhaýl Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-niň energetika ministri Suhaýl Al Mazrui hem-de BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işleri boýunça wekili Mohammed Said Mohammed Al Ariki bilen ikiçäk duşuşyklary geçirildi. Söhbetdeşlikleriň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde BAE bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmeginde Türkmenistan tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlara uly üns berilýändigi bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Prezidenti bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabide BAE-niň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi