Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, 3-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň nobatdaky maslahatynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Bir bitewi suw sammitine gatnaşdy we maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Al-arabiýa elektron neşiriniň habar berşi ýaly, Bir bitewi suw sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ýokary derejeli sammitiň ähmiýeti, onuň dowamynda öňe sürlen tekliplerdir kabul edilen çözgütleriň durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant boljakdygy bellenildi. Taraplar gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda ýola goýlan hoşniýetli dostluk we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy
Tot-tozanyň yz ýany, ümezleşen howa, ýakymsyz ys maryly ýaşaýjylary hopukdyrdy’
Maryda we Lebapda ýene tozan turdy
Türkmenistanda iki sany agaç nahalhanasynyň gurluşygy tamamlandy
SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM
Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen Bir bitewi suw sammitine gatnaşdy