Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy Haýdarabat we Pune şäherlerindäki uniwersitetlerde duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy Haýdarabat we Pune şäherlerindäki uniwersitetlerde duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Haýdarabat we Pune şäherlerindäki uniwersitetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Ilçihananyň wekilleri bu şäherlerde okaýan türkmen talyplary bilen hem duşuşdy. Bu barada Ilçihananyň metbugat gullugy habar berdi.

Ilçihananyň wekilleri Haýdarabatdaky iň uly bilim merkezleriniň biri bolan Osmaniýa uniwersitetiniň we uniwersitetiň bir kollejiniň ýolbaşçylygy bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler barada çykyş etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde Nýu Delide Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy we amaly konferensiýanyň geçirilendigi bellendi.

Şeýle hem hindi uniwersitetleriniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygynyň giňden bellenilmegi barada gürrüň berildi.

Haýdarabat we Pune şäherlerine guralan saparlaryň çäginde ýerli uniwersitetlerde okaýan türkmen talyplarynyň arasynda sport çäreleri hem geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Talap Ediji Delillendirmäge Borçludyr
Dünýäniň iň köp ilatly şäherleri
Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde ussatlyk sapaklary guraldy
Türkmen Bitaraplygy dünýä nusgalyk
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň sanyny artdyrýar