Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi

2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň (IAEA) Wenadaky baş binasynda Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi H.Amannazarowyň Agentligiň baş direktory Rafael Grossä Türkmenistanyň Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky konwensiýa hem-de Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky konwensiýa goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Dabaranyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga oňyn baha berdiler hem-de öňde duran wezipeler barada özara pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisi agzalan Konwensiýalara goşulmagy 2023-nji ýylyň oktýabrynda goldady. Bu konwensiýalara goşulmak baradaky güwänamalar gowşurulandan soň 30 günden bu Konwensiýalar Türkmenistan üçin güýje girýär.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýakyn Gündogardaky ýagdaý 'örän ynjalykdan gaçyrýar' diýdi
Rafael Grossi BMG-niň Baş sekretary wezipesine hödürlendi
Eýran ABŞ-nyň soňky howplary barada HAEG-e hat iberdi
Aragçi we Grossi Ženewada duşuşdylar
Grossi we Aragçi Eýran-ABŞ gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Demirgazyk Koreýada 2-nji Atom Reaktory Işe Girişdi