Türkmenistanyň IIM-niň ýolbaşçysy “Merkezi Aziýa Hytaý” duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň IIM-niň ýolbaşçysy “Merkezi Aziýa  Hytaý” duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň içeri işler ministri Muhammet Hydyrow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa Hytaý” görnüşindäki ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşyga Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygy meselelerine garadylar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň hukuk goraýjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň barşynda ulag-logistika ugurlarynyň howpsuzlygy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda ählumumy söwda zynjyrlarynyň üýtgeýän şertlerinde ähmiýeti artýan Hazarüsti halkara ulag geçelgesi boýunça hem pikir alşyldy.

Gatnaşyjylar amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge we hukuk goraýjy edaralaryň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

ÝOKARY DEREJELI HALKARA FORUM DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Prezident Erdogan bilen Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Gazagystana bardy
Erdogan: Hazardan geçýän Gündogar-Günbatar koridorynyň ähmiýeti gün saýyn artýar