Türkmenistanyň iki welaýatynda betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak boýunça mugallymlar üçin okuw geçirildi

Türkmenistanyň iki welaýatynda betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak boýunça mugallymlar üçin okuw geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ÝUNISEF Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň bilim ulgamlarynyň hünärmenleri we ýaşlaryň referent toparlarynyň agzalary üçin betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuwlary geçirdi.

Okuwlar BMG-niň dört agentliginiň — Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň, Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan utgaşdyrylýan Saglygy goraýyş ulgamynda mümkinçilikleri giňeltmek we pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek atly maksatnamanyň çäklerinde guraldy.

Okuwlaryň dowamynda bilim ulgamynyň hünärmenleri mekdepleriň we okuwçylaryň durnuklylygyny ýokarlandyrjak tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça çäreler barada has düýpli düşünje aldylar.

Täze başarnyklar ýaramaz netijeleri azaltmaga kömek eder we adatdan daşary ýagdaýlarda ynsan howpsuzlygyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan çemeleşmeden peýdalanmak arkaly betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak mowzugyny bilim ulgamynyň işine girizmäge mümkinçilik berer diýip, ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Okuwlar tamamlanandan soň olara gatnaşyjylar betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuw materiallaryny aldylar. Olar ekologik howpsuzlygy mundan beýläk hem ýokarlandyrmak maksady bilen, Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky umumybilim berýän orta mekdepleriň 900-sine paýlanyp beriler.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda 45 Adam Sowukda Doňdy
Duşanbede türkmen we täjik gümrükçileriniň bilelikdäki okuwlary geçirildi
Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy
Halaç etrabyndaky oba saglyk merkezinde Gün energiýa ulgamy gurnaldy
Lebapdaky oba hassahanasynda täze synag gün energiýa ulgamy gurnaldy
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Bitaraplyk ordeni bilen sylaglanyldy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi şahadatnamalary bermegiň täze tertibini tassyklady we beýleki habarlar