Türkmenistanyň iki ýangyç ýatagyndan syzan metanyň global maýlama ýetiren täsiri 'tutuş Britaniýanyň uglerod zyňyndylaryndan has köp boldy'

Türkmenistanyň iki ýangyç ýatagyndan syzan metanyň global maýlama ýetiren täsiri 'tutuş Britaniýanyň uglerod zyňyndylaryndan has köp boldy'

2022-nji ýylda Türkmenistanyň gazylyp alynýan ýangyç serişdeleriniň esasy ýataklarynyň diňe ikisinden syzyp çykan zyýanly metan gazy, tutuş Beýik Britaniýadan syzyp çykan ähli uglerod zyňyndylaryndan has köp möçberde global maýlama sebäp boldy. Bu barada “The Guardian” neşirinde 9-njy maýda çykan maglumatda bellenilýär.

Fransiýanyň "Kayrros" geo-seljeriş kompaniýasynyň satellitden alnan maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky günbatar ýangyç ýatagyndan 2,6 million tonna metanyň syzyp çykandygy anyklandy. Bu döwürde ýurduň gündogar ýangyç ýatagyndan syzyp çykan zyňyndylaryň möçberi 1,8 million tonna metan gazyna barabar boldy.

"Iki ýangyç ýatagyndan syzyp çykan zyňyndylaryň mukdary 366 million tonna kömürturşy gazyna (CO2) deňdir. Bu görkeziji, Beýik Britaniýadan bir ýylyň dowamynda syzyp çykýan zyňyndylardan hem köpdür. Beýik Britaniýa metan zyňyndylarynyň möçberi boýunça dünýäde 17-nji orunda durýar" diýlip, maglumatda aýdylýar.

Britan neşiri alymlara salgylanyp, 2007-nji ýyldan bäri metan zyňyndylarynyň aladalandyryjy derejede köpelendigini we bu tendensiýanyň global maýlamany 1,5 gradusdan aşakda saklamaga garşy iň uly howp bolup biljekdigini hem ýazýar. Barlagçylar munuň klimatyň heläkçilikli täsir ediş nokatlaryny möwjetmek töwekgelçiliginiň hem ýokarydygyny aýdýarlar.

“The Guardian” ýakynda Türkmenistanyň metan zyňyndylarynyň möçberi boýunça dünýäde iň öňdäki orunlarda durýandygynyň üstüniň açylandygyny hem ýatladyp, başga bir derňewiň bu ägirt uly metan syzmalarynyň aňyrsynda metany ýakmak usulyndan wentilýasiýa usulyna geçilmeginiň bolup biljekdigini görkezýändigini belleýär.

Maglumata görä, ýakmak usuly - islenmeýän gazy ýakmak üçin ulanylýar we munuň netijesinde kömürturşy gazy atmosfera goýberilýär. Soňky ýyllarda barha halanylmaýan bu usul bilen syzan zyňyndylary anyklamak hem aňsat bolýar.

Wentilýasiýa usuly - göze görünmeýän metan gazyny ýakylmadyk görnüşde howa goýberýär we bu usuly sputnik tehnologiýasynda gazanylan soňky öňegidişliklere çenli ýüze çykarmak kyndy. Metanyň, 20 ýylyň dowamyndaky ýylylyk täsiri kömürturşy gazyna garanda 80 esse köp bolýar we şol sebäpli wentilýasiýa usuly klimat üçin has erbet hasaplanylýar.

"Biz [metan zyňyndylaryny] iň köp syzdyrýanlaryň nirededigini we muny kimiň edýändigini bilýäris. Bize metan zyňyndylaryny azaltmak üçin syýasatçylaryň we maýadarlaryň öz işlerini berjaý etmegi gerek... Muny etmek gaty aňsat, munuň raýat üçin çykdajysy ýok, öndürijiler üçin bolsa, çykdajy ujypsyz" diýip, maglumatda "Kayrros" kompaniýasynyň prezidenti Antoine Rostandyň sözleri sitirlenýär.

Ykdysady girdejileri esasan nebit-gaz söwdasyna daýanýan we öz çägindäki gaz gorlarynyň mukdary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan howa goýberilýän zyýanly gazlara barha kän jogapkär bolmakda tankytlanýar.

Mart aýynda britan neşiri satellit suratlaryna salgylanyp, Türkmenistanyň Hazar kenarynyň golaýynda we möhüm geçirijide bir sagadyň dowamynda syzyp çykan zyýanly metan gazynyň möçberiniň 67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň bolandygyny habar berdi.

2022-nji ýylda ABŞ-nyň kosmos agentliginiň, ýagny NASA-nyň älemden düşüren soňky suratlary Türkmenistanyň nebit-gaz infrastrukturasyndaky ondan gowrak ýerde ýokary derejede metan gazynyň syzmasynyň üstüni açdy.

“The Guardian” neşiri soňky maglumatynda öz çeşmelerine salgylanyp, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň (Cop28) şu ýylyň dekabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek sammitiniň Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäre görmäge başlamak üçin bir mümkinçilikdigini aýdýar.

Çeşmeler munuň sebäbini nebit we gaz öndürmek boýunça tejribeli BAE-niň Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýandygy, şeýle-de ýakynda Abu-Dabi milli nebit kompaniýasynyň (Adnoc) "Galkynyş" gaz känini özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk gazanylandygyny yglan etmegi bilen düşündirýärler.

2021-nji ýylda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň (COP26) Glasgowda geçen sammitinde adam sebäpli döreýän metan syzmalaryny 2030-njy ýyla çenli 30% azaltmak baradaky meýiller yglan edildi. Muny goldaýan döwletleriň sany 150-den geçse-de, metany has köp howa goýberýän Türkmenistan, Russiýa, Hytaý we Eýran ýaly döwletler oňa häzire çenli gol goýmadylar.

Ýogsa şol ýygnakda, entek wise-premýer wezipesini ýerine ýetiren, häzirki prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň metan zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns berýändigini ynandyrmaga synanyşypdy.Emma şondan bäri 1,5 ýyl çemesi wagt geçse-de, Türkmenistan tutuş dünýäniň daşky-gurşawyna ýaramaz täsir ýetirýän metan zyňyndylaryny howa syzdyrýan ýurtlaryň öň hatarynda galýar.

Muňa garamazdan, türkmen hökümeti şu güne çenli ýurtda metanyň syzmagyny ykrar etmedi.

Azatlygyň ýokarda aýdylanlar barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden, "Türkmennebit" we "Türkmengaz" kompaniýalaryndan kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Metan zyňyndylary bilen tanalýan Türkmenistan ulaglardan çykýan zyýanly gazlara garşy göreşýär
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi. Aşgabat bilen London birek-birege näme teklip edip bilerler?
Jonson Baýden Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
L. Ançeski: Türkmen hökümeti bitaraplyk syýasatyny halkara jemgyýetçilikden üzňeleşmek üçin ulanýar
Türkmenistan Bitaraplyk baýramyny belleýär