Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

1-nji dekabrda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. Tertip boýunça dabaranyň ilkinji bölegi hormat garawulyň öňünde döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen 2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda geçirildi.

Dabara BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň başlygy Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýyan, şeýle hem Premýer-ministriň orunbasary we Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan gatnaşdylar.

Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna BAE-niň wekiliýetiniň gatnaşmagy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi BAE-niň Prezidentine Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky resmi çakylygy hem ýetirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi üçin BAE-niň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana hoşallyk bildirip, netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin mümkin bolan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Abu-Dabide 41-nji halkara nebit-gaz sergisi we maslahaty açyldy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
Abu-Dabide türkmen-emirlikler syýasy geňeşmesi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady