Türkmenistanyň ilçisi Finlýandiýanyň Prezidentiniň inaugurasiýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Finlýandiýanyň Prezidentiniň inaugurasiýasyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Finlýandiýa Respublikasyndaky Ilçisi Ýa.Serýaýew (oturýan ýeri London ş.) Finlýandiýanyň täze saýlanan Prezidenti Aleksander Stubbyň inaugurasiýasyna gatnaşdy. Ýurduň Parlamentinde geçirilen çärede öňki prezident Sauli Niinistu we täze saýlanan döwlet baştutany Aleksander Stubb we Parlamentiň başlygy Ýussi Halla-aho çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, inaugurasiýa tamamlanandan soňra Prezident köşgünde öňki we täze prezidentler Finlýandiýada akkreditirlenen ilçiler bilen duşuşdylar.Munuň çäklerinde, Türkmenistanyň ilçisi Finlýandiýanyň prezidenti Aleksandеr Stubby Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gutlady we iň gowy arzuwlary ýetirdi. Gutlag we arzuwlar minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň ilçisi Finlýandiýa Respublikasynyň daşary işler ministri Elina Waltoneniň diplomatik korpusy üçin guralan ýurduň daşary we howpsuzlyk syýasatlary boýunça geçirilen brifingine gatnaşdy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Brýusselde Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Finlýandiýanyň täze Prezidenti saýlandy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady