Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýanyň güni, Kamoens güni we portugal jemgyýetleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy

2026-njy ýylyň 910-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky we Portugaliýa Respublikasyndaky Ilçisi M. Çaryýew Terseýra adasynda (Azor adalary) Portugaliýanyň güni, Kamoens güni we portugal jemgyýetleriniň güni mynasybetli geçirilen döwlet çärelerine gatnaşdy.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Resmi maksatnamanyň çäklerinde türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan diplomatik korpusyň wekillerini kabul etmek dabarasyna, Portugaliýanyň Ýaragly Güýçleriniň gatnaşmagynda geçirilen harby dabaralara, şeýle hem milli baýramçylyk mynasybetli guralan beýleki çärelere gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýa Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Antoniu Žoze Seguruny gutlap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan milli baýramçylyk mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, şeýle hem Portugaliýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisiniň diplomatik korpusyň wekilleri hem-de Portugaliýa Respublikasynyň resmi şahslary bilen duşuşyklary geçirildi.Duşuşyklaryň dowamynda özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu çärelere gatnaşmagy türkmen-portugal dostlukly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge bolan özara gyzyklanmanyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Birinji tapgyry tamamlandy
Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Portugaliýanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen gelmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýanyň Prezidentini wezipä girişmegi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady