Türkmenistanyň ilçisi Ýewropanyň Diplomatik kollejinde brifinge gatnaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropanyň Diplomatik kollejinde brifinge gatnaşdy

22-nji sentýabrda Ýewropanyň daşarky hereket gullugy (EEAS), ýagny Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat edarasy Brýugge şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary we işgärleri üçin ýörite okuw meýilnamasynyň işlenip düzülmegi boýunça duşuşyk gurady. Duşuşyga Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow hem gatnaşdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen geçirilen duşuşyk Ýewropanyň Diplomatik kollejinde guraldy. Belläp geçsek, bu bilim ojagy diplomdan soňky bilimi berýän we dürli Ýewropa ýurtlarynyň uniwersitetleriniň uçurymlaryny degişli hünärler boýunça taýýarlaýan institut bolup durýar.

Kollejiň häzirki rektory Federika Mogerini ozal ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili we Ýewropa Geňeşiniň wise-prezidenti wezipelerinde işläpdi.

Duşuşyga Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy müdir, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň geňeşçileri we ÝB-niň daşary syýasat bölüminiň beýleki wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde F.Mogerininiň baştutanlygynda Ýewropa Diplomatik akademiýasynyň kiçi diplomatlarynyň gatnaşmagynda ÝB we Merkezi Aziýa gatnaşyklary boýunça okuw-maslahaty geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa kollejiniň talyplary üçin brifing geçirdi we Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşi, Merkezi Aziýanyň sebitara integrasiýasy we ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekerler
Resmi habar
17.11.2020 | Resmi habar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli...
“Nokia” hem düwmeli, hem “akylly” telefon çykardy