Türkmenistanyň Ilçisiniň Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçisi B.Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Rustam Baýalyýew bilen duşuşdy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Ilçi R.Baýalyýewe çakylyk hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk sportunda hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli atçylyk däplerini gorap saklamak we wagyz etmek, şeýle hem bilelikdäki çäreleriň geljegi barada pikir alyşdylar.Türkmen halkynyň milli baýlygy bolan we özboluşly häsiýetleri bilen bütin dünýäde ykrar edilen ahal-teke at tohumynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler atçylyk sportunyň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdäki möhüm ornuny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeý boýunça ýygyndy topary Saraýewoda geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny utdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutanyna iki alabaýy sowgat berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Türkmen küştçüleri Astanada geçirilen türki döwletleriň ýaryşlarynda dört medal gazandylar