Türkmenistanyň karate ýygyndysy Malaýziýada geçirilýän Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň karate ýygyndysy Malaýziýada geçirilýän Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar

Düýn ― 18-nji iýulda Malaýziýanyň Malakka şäherinde karate-do boýunça Aziýanyň çempionaty başlandy. 19-njy gezek geçirilýän çempionata türkmen ýygyndysy hem gatnaşýar.

Has takygy, Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna Arzuw Seýitgulyýew, Baýry Baýryýew, Dawut Nazmyradow, Didar Babaýew, Maksat Dologeldiýew we Süleýman Garlyýew, zenanlar ýygyndysyna bolsa Aýgül Esenowa, Ogulsuraý Täçdurdyýewa hem-de Selbi Rozybaýewa dagylar wekilçilik edýär. Olar tälimçiler Aýdyň Çaryýew bilen Baýram Ýalkabowyň ýolbaşçylygynda ýaryşarlar. Türkmen toparynyň düzüminde emin Röwşen Saryýew hem bar.

Aziýanyň çempionaty 23-nji iýulda tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ýoga hiç zat ýok. Uly bolmadyk türkmen bergisi we berk nebit ruhy hakyndaky pýesa
08.12.2017 | Resmi habarlar
Ylham seýilgähi: Täze ýyl ylhamy we şadyýanlyga syýahat